Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Hama şäheriniň töweregine müňlerçe esger çekilýär


Siriýanyň demirazyk-günbataryndaky Hama şäheriniň töweregine ýüz tankyň hem bronetransportýoryň goldamagynda müňlerçe harby gullukçy çekilýär.

Aktiwistleriň we ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, goşunlaryň merkezi nokady Kafar-Rumma obasy.

Siriýaly adam hukuklaryny goraýjy Rami Abdyl-Rahman onlarça adamyň tussag edilendigini, harby ýörişler wagty aktiwistleriň öýleriniň ýumrulandygyny, garynaşlarynyň saklanandygyny günbatar agentliklerine aýtdy.

Iki gün mundan öň Hama şäheri üç aý bäri dowam edýän hökümete garşy tolgunyşyklaryň iň güýçlüsiniň merkezine öwrüldi. Köçelere ýarym million töweregi adam çykdy. Şondan soň Başar al-Assad Hama şäheriniň häkimini wezipesinden boşatdy.
XS
SM
MD
LG