Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň öňki prezidentine gaýybana 15 ýyl iş kesildi


Duşenbe güni Tunisiň sudy ýurduň ozalky prezidenti Ben Alini gaýybana ýagdaýda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud ony öz ygtyýarynda bikanun ýarag, neşe maddalaryny we döwlete degişli arheologik gymmatlyklary saklamakda aýyplama bildirdi.

Mundan daşary, sud oňa 79 müň dollar jerime salmak barada-da karar çykardy. Munuň özi Tunisiň sudunyň Ben Alä garşy çykaran ikilenji hökümidir.

Geçen aý ýurduň sudy oňa aýaly bilen bilelikde döwletiň maliýe serişdelerini bikanun ulanandyklary üçin 35 ýyl türme tussaglygyny bermek barada-da gaýybana höküm çykarypdy.

Şu ýylyň ýanwarynda Tunisde ýüz beren halk gozgalaňlarynyň netijesinde ýurduň şol wagtky prezidenti Ben Ali Saud Arabystanyna gaçyp atmaga mejbur bolupdy. Şondan soň beýnisine gan inmegi sebäpli, ol Saud Arabystanyň keselhanasynda bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG