Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýada 100 töweregi adam tussag edildi


Nigeriýada soňky bir ýarym aýyň dowamynda radikal yslamçy toparyň agzalary bolmakda gümän edilýän 100 töweregi adam tussag edildi, şeýle-de planlaşdyrylan bomba hüjümleriniň öňi alyndy. Bu barada ýurduň howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk gullugynyň aýtmagyna görä, “Boko Haram” toparynyň agzalary bolmakda gümän edilýän adamlary tussag etmek çäresi ýurduň demirgazyk ştatlarynda amala aşyrylypdyr.

Nigeriýanyň demirgazyk-günbatar ştaty Bornoda polisiýanyň merkezlerine hüjüm edişliklerde we beýleki çozuşlarda ýylyň başyndan bäri 150-ä golaý adam öldi. Bu jenaýatlaryň aglabasynyň jogapkärçiligini “Boko Haram” öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG