Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň günorta-gündogarynda iki esger öldürildi


Türkiýede kürtleriň köplük edýän günorta-gündogar sebitinde iki sany esger atylyp öldürildi.

Döwlet eýeçiligindäki “Anadoly” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, ýurduň Eýran we Yrak bilen serhedinde ýerleşýän Hakkari welaýatynda näbelli adam iki seržanda hüjüm edipdir.

Üç aý mundan ozal bu welaýatda başga-da iki sany seržant öldürilipdi.

Şu günki amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini etnek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG