Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Belarusda 400 töweregi protestçi tussag edildi


Penşenbe güni belarusly aktiwistler şu hepdäniň çarşenbe güni ýurduň häkimiýetleriniň 400 töweregi protestçini tussag edendiklerini habar berdiler.

Belarusdaky «Wesna» atly ynsan hukuklaryny goraýjy topar şol gün geçirilen protest ýörişlerinde diňe Minski şäheriniň özünde azyndan 180 adamyň, beýleki regionlarda-da azyndan 220 adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Munuň özi şu aýyň dowamynda Belarusda aktiwistleriň internet arkaly ýola goýlan çagyryşlar arkaly jemlenip geçiren altynjy protest çykyşydyr.
XS
SM
MD
LG