Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň prezidenti syýasy toparlary dialoga çagyrdy


Häzirki wagt Saud Arabystanynda bejergi alýan Ýemeniň awtoritar lideri Ali Abdullah Saleh penşenbe güni telewideniýe arkaly çykyş edip, ýurtdaky ähli syýasy toparlary dialoga çagyrdy.

Ol bu çykyşynda Ýemeniň konstitusiýasynyň çäklerinde öz ygtyýarlyklaryny beýleki syýasy organlar we toparlar bilen paýlaşmaga-da taýýardygyny aýtdy.

Ali Abdullah Saleh iýun aýynyň başynda öz prezidentlik köşgüne granatomýot arkaly edilen hüjümde alan ýaralary sebäpli Saud Arabystana bejergi almaga gidipdi. Düýnki wideo çykyşynda-da onuň ýüzüniň ýaralary açyk görünýärdi.
XS
SM
MD
LG