Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň paýtagty Kairde müňlerçe adam ýöriş geçirdi


12-nji iýulda Müsüriň paýtagty Kairde müňlerçe adam hökümet jaýlarynyň öňünden ýöriş geçirdi. Olar ýurdy dolandyrýan harby geňeşiň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Bu ýörişden öň, ýurdy dolandyrýan generallar Tahrir meýdançasyndaky 5 günlik protestleri togtatmak üçin, ähli kanuny çäreleri ulanjakdyklaryny aýtdylar.

Protestçiler parahorlukda aýyplanýan öňki prezident Hosni Mubarege we şu ýylyň başlaryndaky köpçülikleýin demonstrasiýalarda adamlary öldürenlikde aýyplanýan resmilere garşy sud prosesleriniň gidişini gowşak görýärler.

Sişenbe güni Müsüriň sudy öňki premýer-ministr Ahmet Nazifi we öňki hökümetiň iki agzasyny korrupsiýada aýyplady.

Nazif şertli ýagdaýda 1 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Öňki içeri işler ministri Habib Adlä ýene-de 5 ýyl iş kesildi. Ol öň 12 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi.

Öňki maliýe ministri Ýusuf Butros Gali gaýybana sud edildi we 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
XS
SM
MD
LG