Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň gozgalaňçylary paýtagt Tripolä golaýlaýar


Şu gün Liwiýanyň oppozison söweşijileri paýtagt Tripoliniň etegindäki Al-Kawaliş atly ilatly punkty öz ellerine geçirendiklerini habar berdiler.

«Roýter» habar agentligi bu ilatly punkty ele almak üçin oppozision söweşijileriň prezident Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy gazaply söweşmeli bolandyklaryny aýdýar.

Oppozision söweşijiler bu çaknyşyklarda öz hatarlaryndan 5 adamyň ölüp, 15 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler.

Liwiýanyň oppozision güýçleri häzirki öňe hereket edişligiň paýtagt Tripolini hem ele almak üçin mümkçinliklerini artdyrýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG