Sepleriň elýeterliligi

Bişkekde aýallaryň halkara simpoziumy öz işine başlady


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagtynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Üstünlik ugrundaky strategiýa” atly zenanlaryň simpoziumy öz işine başlady.

Bişkekde geçirilýän bu halkara çärä Türkmenistandan 15 zenan gatnaşýar.

Üç günläp dowam etjek simpozium Merkezi Aziýada we Owganystanda ýaşaýan aýallaryň ykdysady mümkinçilikleriniň ösdürilmegine hemaýat bermäge gönükdirilendir.

Simpoziumyň açylyş dabarasynda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa hem çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG