Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bikanun zähmet migrantlarynyň akymyna garşy kanun kabul etdi


18-nji iýulda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bikanun migrasiýa akymyna garşy kanuna gol çekdi. Bu kanun Merkezi Aziýa döwletlerinden gelýän migrantlaryň akymyna gözegçilik etmäge gönükdirilendir.

“Üçünji döwletlerden gelýän bikanun zähmet migrasiýasynyň akymyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň tassyklanyşy barasynda” diýlip atlandyrylan bu kanun Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň arasynda güýje giren Gümrük birliginiň çäginde üçünji döwletlerden gelýän bikanun zähmet migrantlaryna garşy göreşiň hukuk esaslaryny döretmäge gönükdirilen” diýlip, Kremliň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

“Kanuna laýyklykda, gysga möhletiň içinde Orsýetden zähmet migrantlaryny deportasiýa etmegiň täze shemalary işlenip düzüler. Gümrük birligine agza döwletlerde ähli migrantlar hasaba alnar. Bikanun girenler deportasiýa ediler” diýip, Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “Migrasiýa-21-nji asyr” atly edaranyň eksperti Nataliýa Wlasowa aýtdy.

Wlasowanyň aýtmagyna görä, bu ylalaşygyň çäginde dürli döwletleriň migrasiýa gulluklarynyň arasynda gatnaşyk güýçlendiriler we bikanun migrantlar barasynda operatiw maglumatlary alyşmak, olary hasaba almak mümkinçiligi dörär. Bularyň hemmesi bikanun migrasiýanyň öňüni almaga gönükdirilen.

“Mundan beýläk bu ýagdaýa garşy göreş güýçlener. Emma migrasiýa gulluklarynyň esasy maksady, bikanun zähmet çekmäge gelýänleri gümrükden geçirmezlikden ybarat bolmaly. Häzir Orsýetde resmi derejede 5 million bikanun zähmet migrantlarynyň bardygy aýdylýan şol bir wagtda beýle kanunlar örän zerur” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Prezident Medwedew Orsýetiň, Belarusyň, Gazagystanyň raýatlarynyň Gümrük birliginiň çäginde erkin hereketini we zähmet çekmegini üpjün edýän “Zähmet migrantlary we olaryň maşgala agzalarynyň hukuklary” baradaky ylalaşygy tassyklamak hakynda ýene-de bir kanuna gol çekdi.

Gümrük birliginiň ýörite gulluklar tarapyndan bikanun zähmet migrantlary boýunça bazasy dörediler.

Agzalan çäreleriň ýeterlik derejede peýda getirjegine ynanmaýandygyny aýdan Orsýetiň Migrantlar Federasiýasynyň prezidenti Muhammed Amin Majumdor ilkibaşda migrasiýa akymyna gözegçilik edýän sistemada reforma geçirilmelidigini aýdýar.

“Beýle dokumentlere we beýannamalara garamazdan, Orsýetde migrantlara mätäçlik bar. Migrasiýa akymy artsa artar weli, azalmaz. Migrantlary legallaşdyrmak, ýagny olara amnistiýa yglan etmek zerur. Öňi bilen ýurtda korrupsiýa garşy göreşi güýçlendirmeli. Häzirki günde zähmet migrantlary haýsydyr bir firmalar arkaly resmi dokumentlere eýe bolýarlar. Şol sebäpli migrasiýa gullugy we polisiýa tarapyndan dolandyrylýan galp dokument taýýarlaýan kärhanalar köpelip barýar. Migrantlar aslynda legal işlemäge taýýar. Olara diňe şert döredip bermeli” diýip, Majumdor nygtaýar.

Gümrük birliginiň agzalary üçünji döwletlerden gelýän bikanun zähmet migrantlarynyň akymyna garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk barasyndaky ylalaşyga 2010-njy ýylyň noýabrynda Sankt-Peterburgda gol çekipdiler.

Orsýetiň Döwlet Dumasynda 28-nji iýunda onuň bilen bagly federal kanun kabul edildi. Bu kanuny 6-njy iýulda Federasiýa Geňeşi tassyklady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG