Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eneler maddy goldawa mätäç


Zenanlar çaga pullarynyň dikeldilmegini enelere diňe bir maddy taýdan goldaw däl-de, eýsem zenanlara ruhy taýdan goldawdygyny aýdýarlar.

Zenanlar çaga pullarynyň dikeldilmegini enelere diňe bir maddy taýdan goldaw däl-de, eýsem zenanlara ruhy taýdan goldawdygyny aýdýarlar.

Ozalky ýatyrylan çaga posobiýalarynyň dikeldilmegi bilen, Türkmenistanda çaga dogurýan eneleriň sanynyň artýandygy soňky ýyllar äşgär duýlup ugrady.

Aşgabatly ýaşaýjy, 3 çaganyň enesi Mahymyň aýtmagyna görä, ýaş eneler özara söhbetdeşlikde çagalara berilýän kömek pullarynyň dikeldilmegine, onuň her ýylda 10% artdyrylmagyna minnetdarlyklaryny bildirýärler. 30-35 ýaş aralygyndaky zenanlaryň käbiri özlerinde çaga dogurmak isleginiň artandygyny aýdýar.

Zenanlar çaga pullarynyň dikeldilmegini enelere diňe bir maddy taýdan goldaw däl-de, eýsem zenanlara ruhy taýdan goldawdygyny aýdýarlar. Dikeldilen kömek pullarynyň özleri hakda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň gelejekde has hem artjakdygyna ynam döredýändigini belleýärler.

Emma aşgabatly ýaşaýjy Mahym enelere berilýän kömek pullary maşgala üçin ýardam bolsa-da, azyk önümleriniň yzygiderli ýokarlanmagynyň netijesinde, ýaş eneleriň oňat iýmitlenip bilmän, adam bedeni üçin gerek mukdardaky kaloriýany alyp bilmeýändiklerini gürrüň berýär.

Her bir türkmen maşgalasynda diýen ýaly erkek kişileriň işsizleriniň barlygy sebäpli, öýüň eklenç ýagdaýy köp maşgalalarda kynçylyk döredýär. Gelinler göwreliligiň ilkinji aýlaryndan eýýäm et-süýt we gök önümlerinden geregiçe iýmitlenip bilmänden soň, göwredäki çaga gowşak ösýär. Her üç gelniň birisi diýen ýaly, çaga düşmek howpy bilen keselhana ýerleşdirilýär.

Lukmanlaryň gözegçiligi bilen, zenanlar çaganyň dünýä inmeli döwrüne çenli, eýdip-beýdip günlerini geçirýärler. Eneleriň çaga dogrulýan öýlere baran wagtyndan bolsa olaryň eli ýukalygy kynçylyk döredýär.

Çaga dogrulýan öýler

Mahymyň aýtmagyna görä, çaga dogrulýan öýlerde lukmanlaryň “el aklygyny” öňünden berip, ýakyn hossarlaryň daşyňda dik durmasalar, çaga dogurýan enä berilmeli kömek geregiçe berilmeýär.

“Ozaldan hem beden taýdan gowşak eneler, çaganyň dünýä inmeli pursady has hem gowşaýarlar. Şeýle eneler bilen iş salyşmagy kyn görýän lukmanlar bolsa, çagany operasiýa arkaly dünýä inderenlerini aňsat görýärler” diýip, Mahym aýdýar.

Emma munuň üçin hem edilmeli harajatlar zenanlar üçin az bolmaýar. Çaga dogrulýan öýe aýagyňy atanyňdan, gan tabşyrmak üçin otuz manatdan başlanýan harajat, soňra zerur gerek bolan dermanlar, lukmanlaryň “el aklygy” bilen 400-500 manada ýetýär. Ondan daşary, çaga dogrulýan öýlerde ene üçin hem, çaga üçin hem zerur bolan geýim-gejimleri-de öýüňden eltmeli.

“Çaga dogrulýan öýlerde çaga üçin arlyk, ýa eneler üçin zerur bolan egin-eşikler ýok diýen ýaly, bar bolan ýagdaýynda hem olary keşdiň çekip egniňe geýer ýaly däl” diýip, Mahym nygtaýar.

Garaşsyzlyk ýyllary hassahanalarda kommersiýa görnüşli diýlen, tölegli palatalar hem peýda boldy. Her günüňe bäş manat tölenmeli palatalara ýönekeý maşgalalardan bolan gelinler ýerleşip hem bilmeýärler. Barjamly maşgalalardan bolan gelinler bolsa tölegli palatalara ýerleşýärler. Olara edilýän hyzmatlar hem, olara lukmanlaryň gatnaşyklary hem üýtgeşik bolandan soň, eli ýuka enelerde kemsinmek duýgulary peýda bolýar. Bu bolsa çaga dogandan soňky dikeldiş döwründe enelere öz negatiw täsirini ýetirýär.

“Çaga dogurmak islegi, elbetde, eneleriň özüne bagly. Döwlet tarapyndan hiç bir goldaw berilmedik halatynda-da 6-7 çaga dogran eneler hem bolupdy. Emma doglan çagalaryň sagdyn ösmekleri üçin aladany döwlet öz üstüne doly almalydyr” diýip, Mahym nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG