Sepleriň elýeterliligi

Bir türkmen – bir ykbal: Alty Garlyýew


Alty Garlyýew 1973-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Aşgabatda aradan çykdy.

Alty Garlyýew 1973-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Aşgabatda aradan çykdy.

Alty Garlyýew - türkmen aktýory, dramaturg, kinorežissýor, SSSR-iň Halk artisti. SSSR Ýazyjylar guramasynyň, SSSR Kinematografiýaçylar guramasynyň agzasy.

Alty Garlyýew 1909-njy ýylyň 1-nji iýunynda Tejen raýonynyň 2-nji Babadaýhan obasynda dünýä inýär. 1929-njy ýylda Aşgabadyň Teatral studiýasyny, 1931-nji ýylda Bakuwyň teatral tehnikumynyň režissýorçylyk bölümini tamamlaýar.

Alty Garlyýew
1931-38-nji ýyllarda Türkmen Döwlet Drama Teatrynda aktýor hem režissýor bolup işleýär. "Pitnede" Furmanowyň, "Lýubow Ýarowaýada" Ýarowoýyň, "Derňewçide" Hlestakowyň , "Iki aganyň hyzmatçysynda" Trifaldinanyň obrazlaryny we başga-da köp obrazlary döretdi.

Alty Garlyýew döredýän obrazlarynyň daşky sypatlaryna, içki gylyk-häsiýetlerine özüçe öwüşgin bermegi başarýar. Ol şol ýyllarda "Aýna", 1916-njy ýyl", "Japbaklar", "Başlyk" atly drama eserlerini ýazýar hem sahnalaşdyrýar. Ol 1939-41-nji ýyllarda "Türkmenfilm" kinostudiýasynda aktýor bolup işleýär hem "Watan ogly", "Dursun", "Serhetçiler" filmlerinde çylşyrymly obrazlaryň birnäçesini döredýär.

1941-53-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Opera we Balet Teatrynda baş režissýor bolup işleýär hem "Bagtly ýaşlyk", "Gül-Bilbil" , "Zöhre-Tahyr", "Abadan", "Leýli-Mejnun", "Şasenem-Garyp", Trawiata" operalaryny goýýar.

1953-56-njy ýyllarda Mollanepes adyndaky Türkmen Döwlet Akademiki Drama Teatrynda baş režissýor bolup işleýän wagtynda Ata Gowşudowyň "Juma", Gogolyň "Derňewçi" pýesalaryny sahnada goýýar. Şol ýyllar ol "Maşgalanyň namysy", "Çopan ogly" , "Soltanat" (gyrgyz filmi) filmlerinde durmuş wakalaryny real beýan edýän obrazlary ussatlyk bilen döretdi.

Alty Garlyýew 1956-60-njy ýyllarda "Türkmenfilm" kinostudiýasynyň direktory, 1960-63-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Opera we Balet Teatrynyň film goýujy režissýory bolýar. 1966-68-nji ýyllarda TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Kinematografiýa komitetiniň başlygy bolup işleýär.

Türkmenistanda kino sungatynyň ösmeginde Alty Garlyýewiň hyzmaty uludyr. Ol "Uzakdaky gelinlik", "Aýna", "Aýratyn tabşyryk", "Aýgytly ädim", "Magtymguly", "Derýanyň aňyrsy serehet" filmlerini tomaşaçylara hödürledi.

Onuň goýan "Aýgytly ädim" filmi 1966-njy ýylda Bütinsoýuz kinofestiwalda ikinji orna mynasyp boldy. Oňa "Dursun", "Uzakdaky gelinlik" filmlerinde döreden obrazlary üçin iki gezek SSSR-iň Döwlet baýraklary, "Aýgytly ädim" filmi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi.

Alty Garlyýew 1971-nji ýyldan ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar guramasynyň birinji sekretary bolup işleýär. Türkmenistanyň milli medeniýetini, teatr hem kino sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin ol köp sanly orden-medallar bilen sylaglanýar.

Alty Garlyýew 1973-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Aşgabatda aradan çykdy. 1974-nji ýylda "Türkmenfilm" kinostudiýasyna Alty Garlyýewiň ady dakylýar.

Çeşme: Türkmen sowet ensiklopediýasynyn ikinji tomy.

Saparmyrat Nyýazowyň garaşsyz Türkmenistana ýolbaşçylyk eden ýyllary "Türkmenfilm" kinostudiýasyndan Alty Garlyýewiň ady hem şol studiýada oturdylan heýkeli aýryldy.

Alty Garlyýewiň durmuş ýoly barasynda onuň ýanýoldaşy, SSSR-iň Halk artisti, häzir merhum Annagül Annagulyýewanyň türkmen metbugatynda çap edilen interwýusyndan (interwýuny geçiren: žurnalist Ýazmyrat Çarygulyýew): "Sungatda her bir artistiň öz orny bolmaly. Alty Garly pahyr operada-da, drama teatrynda-da işledi, emma onuň ýeri kino, meniň ornum opera eken".

Interwýuda A.Annagulyýewa Alty Garly bilen ilkinji duşuşygy barasynda şeýle gürrüň berýär:

- Opera teatrynda Alty Garly bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşdym. Alty Garly, dogrudanam, beýik adamdy. Sungat meselesinde-de, adamçylyk meselesinde-de onuň bilen duşanyma, onuň bilen maşgala guranyma Alladan müň-de bir razy. Ol Opera we Balet teatrynyň çeper ýolbaşçysydy, gaty talapkärdi.

Bir gezek repetisiýa gidip durka, Maýa Kulyýewa ikimizi zaldan kowup goýberdi. Şeýle bir erbet utandyk. Ertesi bolsa ol bizden ötünç soraýar: "Bagyşlaň, men biraz gyzmalyk etdim, talap etmeseň-de bolanok" diýýär görgüli. Alty Garly işlän wagty teatrymyzyň bir otagy, haçan görseň, ýorgan-düşeklidi. "Bu näme?" diýip, men Maýadan soraýaryn. Olam: "Bu ýerde Alty Garly ýatyp-turýar. Aýaly bilen oňuşman, aýrylyşyp gelipdir" diýdi.

Soň bir gün Alty Garly meni ýanyna çagyrdy. Bardym, ol çekine-çekine meni gowy görýändigini, eger men razylyk bersem, öýlenjekdigini aýtdy. Men utanjymdan gaçdym ýanyndan. Eger gabat geläýse-de, şeýle bir utanýan, girer ýer tapamok. Garaz, onuň gara çyny eken. Şol yzyma düşdi ýördi. Ýogsam, şol wagtlar beýleki gyz-gelinler üstünde ot-elek bolsalar nätjek! Men ahyrsoňy razylyk berdim.

Alty Garly pahyr maňa "ýomutjan" diýip ýüzlenerdi. At-abraýyna, derejesine garamazdan, juda ýönekeýdi. Şol ýönekeýligi üçinem ikimiz durmuşda kän horluklar çekdik. Şol döwürler ähli ýere tebigy gaz çekildi. Emma biziň jaýymyza çekilmän galdy. Gyşda ýangyçsyz gaty horlanýardyk. Aýratynam Alty Garly ejir çekýärdi. Demgysma keseli bolansoň, sowuk ony has-da horlaýardy. Arman, ol pahyr bolansoň, ahyry öýümize gaz çekildi.

Alty Garly dünýäsini täzeländen soň, men şu wagtky ýaşaýan jaýymyzy, Alty Garlyny hatyralap, onuň öý-muzeýi etmegi ýüregime düwdüm. Emma muzeý döredilmän galdy.

Teatr we kino rejissýory, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýewiň beren interwýusyndan:

- Alty Garlyýew bilen meniň tanyşlygym 1964-nji ýylda başlandy. Men ol wagt Daşkendiň teatral-çeperçilik institutynda okaýardym. Men şonda iki aýlyk Aşgabada praktika geldim. Aman Gulmämmedow bilen Çary Mommadow "Mollanepes" spektaklynyň üstünde işleýär ekenler. Meni assisent edip bellediler.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Halmyrat Gylyçdurdyýew
Şol döwürde Bazar Amanowam "Hüýrlukga-Hemra" pýesasyny tabşyrjak bolup ýördi. Şol spektakly kabul etmäge gelenleriň arasynda Alty Garlyýewem bardy. Antraktda-arakesmede Alty aga ýanymyza geldi, tanyşdyk. "Aýgytly ädim" filminiň üstünde işleýändigini gürrüň berdi. Soň şol filmiň epizodlary 1965-nji ýylda Daşkentde surata düşürilende, men döwlet ekzamenlerini tabşyrýardym, ekzamenleriň arasynda pawiliona baryp, Alty Garlyýewiň işleýşine, filmi surata düşürişine, işine düýrmegi bilen berlişine syn etdim. Ol aşa talapkär hem juda ýumşak häsiýetli adamdy.

Režissýoryň aktýor bilen işi döredijiligiň özeni. Onuň ussatlygam, döredijilik derejesem şonda görünýär. Alty aga üçin surata düşürilýän wagty ownuk zat ýokdy. Köpçülikleýin sahnalara gatnaşýanlaryň her birinden aýratyn keşp, obraz döretmegi talap edýärdi, hersine aýratynlykda öwredýärdi, tabşyryk berýärdi. Inçeden tutýardy.

Onuň bilen işleşmek, gürleşmek ýakymlydy, mylakatly adamdy. Käbir adamlar Alty Garly gaharjaňdy, artistler bilen gygyryşýardy, sögüşýärdi diýýärler, men onuň ýaly ýagdaýy görmedim, şoňa gabat gelmedim.

Alty Garlyýew kino, drama we opera-balet sungatynyň düýbüni tutan adamlaryň biri. Türkmeniň şol sungatlaryny Alty Garlyýewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG