Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýada Breýwigiň sud diňlenişigi başlandy


Norwegiýada geçen hepde amala aşyrylan terror hüjümlerinde aýyplanýan Anders Breýwikiň işi boýunça duşenbe güni paýtagt Osloda sud diňlenişigi başlandy.

90-dan gowrak adamyň ölüminde aýyplanýan 32 ýaşly Anders Breýwikiň işi boýunça sud diňlenişigi, polisiýanyň haýyşy boýunça, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.

Geçen hepdäniň anna güni Oslonyň merkezinde amala aşyrylan bomba partlamasy netijesinde 8 adam ölüpdi.

Şol wakanyň yzýany Anders Breýwik Oslodan 40 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Utoýa adasyna baryp, ol ýerde üýşen ýaş oglan-gyzlary oka tutdy. Soňky maglumatlara görä, bu wakada jemi 68 adam ölüpdir.

Norwegiýanyň raýaty Anders Breýwik bu hüjümleriň ikisini-de bir özüniň amala aşyrandygyny boýun aldy.
XS
SM
MD
LG