Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda taýpa güýçleri bilen talyplar çaknyşdy


Pakistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýän Kurram regionynda “Talyban” söweşijileri bilen taýpa güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, bu wakada azyndan 27 sany söweşiji we dört sany taýpa göreşijisi ölüpdir.

Ýerli hökümet resmisi Şer Buhadaryň aýtmagyna görä, çakynyşyk ýekşenbe güni giçlik ýüze çykypdyr.

Şeýle-de, Buhadaryň bellemegine görä, hökümet güýçleri taýpa göreşijilerine kömege gelip, söweşijilere garşy artilleriýa ýaraglaryndan ot açypdyrlar.
XS
SM
MD
LG