Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda tire lideri öldürildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda talyplar ýerli tiräniň liderini atyp öldürdiler.

Habar berlişine görä, çarwanyň hökümete hormaty we söweşijiler bilen goşun bölümleriniň söweşýän etrabyna öz tiredeşlerini gaýdyp getirmäge synanyşygy bu jenaýata sebäp bolupdyr.

Motosikletli söweşijiniň Tank etrabyndaky bazarda Arsal Hany atyp öldürendigini polisýa habar berdi.

Mundan öň talyplar goşun bölümleri bilen söweşýän etraplaryna adamlary getirmezligi taýpalaryň ýaşulylaryna duýdurypdy.

Emma hökümet çarwalary şol etraplara dolanmaga çagyrýar. Şeýle hereket bilen hökümet talyplara garşy harby operasiýalarda we parahatçylygy dikeltmekde öz üstünligini görkezmek isleýär.
XS
SM
MD
LG