Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň Kaşgar şäherinde partlamalar boldy


Hytaýyň günbatarynda, Kaşgar şäherinde bolan partlamada üç adam heläk boldy, olaryň biri polisiýa işgäri. Birnäçe sagat ondan öňem Kaşgarda partlamalar boldy, ýöne olarda jebir çeken ýokdy.

Şol bir wagtda-da pyçak bilen ýaraglanan iki adamyň kaşgarly ýaşaýjylaryň bir toparyna hüjüm edendigi, netijede 8 adamyň ölendigi habar berilýär.

“Reuters” agentliginiň uýgur emigrantlarynyň bir toparyna salgylanyp berýän habaryna görä, wakanyň bolan etrabynda komendant sagady girizilipdir, 100-den gowrak adam tussag edilipdir.

Kaşgar şäher uýezdi Hytaýyň Uýgur awtonom etrabynyň günbatarynda, Täjigistan bilen serhede golaý ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG