Sepleriň elýeterliligi

Gunduz welaýatyndaky myhmanhana hüjüm edildi


Owganystanyň Gunduz welaýatyndaky bir myhmanhana janyndan geçen üç adam hüjüm etdi. Bu wakada howpsuzlyk güýçleriniň dört gullukçysynyň ölendigi habar berilýär.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, hüjümçileriň biri myhmanhananyň öňünde ýerleşdirilen ulagy partladypdyr. Beýleki iki hüjümçi özlerini partlatmazdan ozal birnäçe sagat howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşypdyr.

Bu wakalarda 10 sany adam, şol sanda asuda raýatlar we polisiýa ofiseri ýaralandy. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG