Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir türkmen – bir ykbal: Yzzat Gylyjow


Meşhur türkmen suratkeşi, hudožnigi Yzzat Gylyjow
Meşhur türkmen suratkeşi, hudožnigi Yzzat Gylyjow
Meşhur türkmen suratkeşi, hudožnigi Yzzat Gylyjow 1923-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Baýramaly raýonynyň Ýalkym obasynda dogulýar. Türkmenistanyň Halk hudožnigi, SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, SSSR Çeperçilik akademiýasynyň akademigi, SSSR-iň Halk hudožnigi.

Yzzat Gylyjow Leningraddaky I.E. Repin adyndaky skulptura, žiwopis we arhitektura institutyny gutarýar. Ol SSSR-iň Halk hudožnigi B.W. Iogansonyň şägirdidir. Gylyjow türkmen şekillendiriş sungatynda iň zehinli hudožnikleriň biri hökmünde tanalýar.

Yzzat Gylyjowyň döredijiliginiň özüne mahsus bolan aýratynlygy bar. Ol täzelikçi hudožnik-suratkeş bolmak bilen, döredijiligini halkyň täze durmuş ýoluna bagyşlaýar. Gylyjowyň “Garagum çölünde” (1953) diýen diplom işinde, “Suwa tarap ýol” (1959), “Gyrkymçylar” (1954), “Şatlyk güni” (1967) ýaly kartinalarynda halkyň durmuşy suratlandyrylýar.

Hudožnigiň eserlerinde türkmen halkynyň taryhy geçmişi-de şekillendirilýär. Onuň graždanlyk urşuny suratlandyrýan “Oňat durmuş üçin” (1957) diýen eseri muňa mysal bolup biler. Ol “Ene”, “Orazgeldi Ärsaryýew”, “Berdi Kerbabaýew” ýaly ençeme portleriň-de awtorydyr.

Çeşme: Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 2-nji tomy

73 ýaşynda aradan çykdy

60 ýyllyk ýubileýine gabatlap, Yzzat Gylyjowa Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at dakylypdy. Ol türkmen suratkeşleriniň arasynda bu ada eýe bolan ýeke-täk hudožnikdir.

Yzzat Gylyjow 2006-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda 73 ýaşynda aradan çykdy. Onuň dünýäsini täzeländigi barasynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde hiç hili maglumat berilmedi.

“Garagum çölünde”, Yzzat Gylyjow, 1953.
Yzzat Gylyjowyň üç gyzy bar - Maral, Jeren, Läle. Olaryň üçüsi-de kakalarynyň suratkeşlik kesbini dowam etdirýär.

Ilkinji söhbetdeşimiz Yzzat Gylyjowyň uly gyzy, häzir Singapurda ýaşaýan Maral. Ol häzirki ýaşaýan ýurdy Singapurda türkmen hudožnikleriniň işleriniň galareýasyny döretmek arzuwyndadygyny, munuň ýöne ýerden däldigini belleýär. Öz wagtynda ejesiniň täsiri bilen kakasynyň hemmelere kömek berendigini, şol häsiýetiň özüne geçendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy: Maral, kakaňyz ýadyňyzda nähili adam hökmünde galdy?

Maral: Kakam öz Watanyny, halkyny tüýs ýürekden söýýärdi. Oz halkyna hemişe buýsanardy. Baran ýurtlarynda öz halkyna wekilçilik ederdi. Çagalary bolan bizem şol ruhda terbiýeledi. Biz kakamyz ýaly bolmaga, onuň wesýetlerini berjaý etmäge çalyşýarys. Men türkmen hudožnigi Yzzat Gylyjowyň gyzydygyma buýsanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz - Yzzat aganyň gyzlary - kakaňyzyň suratkeşlik sungatyny dowam etdirýärsiňiz diýip eşitdik.

Maral: Hawa, biz üç dogan, üçümizem kakamyzyň suratkeşlik kärini dowam etdirýäris. Men Moskwadaky Surikow adyndaky instituty tamamladym. Jeren Daşkendiň Sungaty öwreniş isntitutyny gutardy. Läle bolsa instituty Türkmenistanda tamamlady hem Türkmen döwlet şekillendiriş uçilişesinde mugallymçylyk etdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň kakaňyz 2006-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda aradan çykypdy. Ol nirede jaýlandy?

Maral: Aşgabatda. Çoganlyda. Bu barada ýatlasym gelenok. 1999-njy ýylda ejem aradan çykanda, kakam ony jaýlamak üçin ýeri Köşüdäki gonamçylykda özi saýlady, özi üçinem ýer belläp, daşyny aýlap goýupdy. Olar bütin ömürlerine bile ýaşadylar, ahyrky ýeriniň hem ýanaşyk bolmagyny kakam isläpdi. Ýöne kakam ýogalanda, onuň bu islegini berjaý etmek bize başartmady. Gonamçylyk ýapyk diýip, ony ejemiň ýanynda jaýlamaga rugsat bermediler.

Maňa bu barada gürrüň etmek agyr. Ol Çoganlyda jaýlandy. O ýerde gabyr jaýy şeýle bir kiçi, adamlar ýanaşyk, biri-birine degip diýen ýaly ýatyrlar. Ýadygärlik oturtmaga-da, guburyna zaýarata barana dyz epmäge-de ýer ýok. Meni diňe bir zat rahatlandyrýar. Ol Watanynda, ýüregi bilen söýen topragynda ýatyr.

Azatlyk Radiosy: Ýene aýtjak zadyňyz barmy, Maral?

Maral: “Munuň ýaly meseleler aýak üstünde çözülmez, çaýyň başynda gürrüň edeli” - diýerdi kakam hemişe. Onuň bu sözleri gulagymda galdy. Ejem bilen kakam bir almanyň iki bölegi ýalydy. Alma-da dürli hili bolýar diýýärler. Meniň hossarlarym bir daragtyň miwesi ýalydy. Şeýle ynsanlaryň maşgalasynda dünýä inenim, kemala gelenim üçin özümi bagtly saýýaryn.

Ejem ekabyrdy, gaýratlydy, kakamy elmydama işe gönükdirerdi: “Yzzat, sen altyn elli adam, sen başarmasaň, muny kim başarar?” diýerdi. Kakamyň ýol görkeziji çyrasydy. Kakam: “Bu dünýä gelen bir gün gitmeli, eger bize bir zat bolaýsa, aglamaň, gamlanmaň, bu durmuşyň kanuny” diýerdi. Ýöne näme, hossarlarymyzy nirede bolsagam, ýatlap durýarys, her saparam ýüregimiz gyýylýar, gözýaş edýäris.

“Haz gowy durmuş üçin”, Yzzat Gylyjow, 1957.
Indiki gürrüňdeşimiz Yzzat Gylyjowyň körpe gyzy, hudožnik Läle.

Azatlyk Radiosy: Läle, kakaňyz barasynda siz nämeler aýdarsyňyz?

Läle: Kakam barasynda dogruçyl, hoşniýetli, açyk göwünli adam diýip bilerin. Ol jany-teni bilen türkmen topragyny söýýändigi üçin öz eserlerinde reňkleri, hereketleri bilen şol söýgini beýan etmegi başarypdy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen sowet ensiklopediýasynda Yzzat Gylyjow barasynda berlen gysgajyk maglumatda onuň Watançylyk urşuna gatnaşanlygy barasynda maglumat berilmändir. Ýöne ony tanaýan adamlaryň berýän gürrüňlerine görä, ol urşuň başyndan tä ahyryna çenli söweşipdir. Uruş barasynda gürrüň berermidi kakaňyz?

Läle: Elbetde, gürrüň bererdi. Kakamyň urşa gatnaşyjy hökmünde köp sanly orden-medallary bardy. Urşuň başynda söweşe girip, ony Berlinde tamamlapdyr. Ensiklopediýada näme üçin ýazmandyklaryny bilemok, ýöne men heniz mekdepde okaýarkam, kakamy uruş weterany hökmünde mekdebe duşuşyklara çagyrardylar. Ol esasan, radist bolupdyr. Myhmanlara, dostlaryna uruş pursatlary barada gürrüň berse-de, şu temany gowy görmezdi. Uruşda gaty agyr bolany üçin şeýlemikä diýip, pikir edýärin. Ýöne urşuň bolany, oňa kakamyň gatnaşany fakt.

Azatlyk Radiosy: Kakaňyzyň Çoganlyda jaýlananyny Maraldan eşitdik. Ýadygärlik oturtdyňyzmy?

Läle: Ýadygärlik oturdardan Çoganlydaky ýer gaty kiçi. Ol diňe bir ýadygärlik goýar ýaly ulurak ýere däl, ondan has ulurak hormata mynasyp iş bitirdimikä diýýärin. Türkmen sungatyna uly goşant goşdy ahyryn. Häzir biziň edibilýän zadymyz ýok. Mazaryň baş ujunda iki taýak bar, olaryň başynda-da ak esgi. Biz ýygnanyp, bir zatlar etmekçi. Elbetde, kakamyň wesýetini berjaý edip bilsek, ejemiň ýanynda jaýlasak, oňa ýetesi näme bar. Biz umytda, galanynam wagt görkezer.
XS
SM
MD
LG