Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda bolan bulagaýçylyk boýunça derňew alnyp barylýar


Ýekşenbe güni Londonyň polisiýa edarasy bu şäheriň Tottenham raýonynda hepdäniň şenbe güni bolan uly bulagaýçylyklar boýunça düýpli derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Maglumata görä, Londonyň polisiýasy bu bulagaýçylyklary gurnaýjylary hem-de oňa gatnaşyjylary anyklamak boýunça düýpli derňew alyp barar.

Şenbe güni agşamlyk dükanlaryňdyr ofisleriň talanmagyna hem-de ýakylmagyna getiren bu wakalarda 26 sany polisiýa işgäri ýaralandy. Bu wakalarda aýyplanylyp häzirki wagta çenli 55 adam tussag edildi.

Bu bulagaýçylyklar başda şu hepdäniň penşenbe güni Londonyň 29 ýaşly ýaşaýjysy we käbir jenaýatçylyklarda aýyplanylýan Mark Dugganyň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmegine protest görnüşinde ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG