Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda amerikan dikuçary ýere gaçdy


Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri anna güni Owganystanda 38 adamyň ölümine getiren wertolýot heläkçiligine “Talyban” söweşijileriniň hüjüminiň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini mälim etdiler.

Anna güni Owganystanyň Maýdan Wardak welaýatynda Birleşen Ştatlara degişli transport wertolýotynyň ýere gaçmagy netijesinde jemi 38 adam ölüpdi. Ölenlerden 30-synyň amerikan harbylarydygy, 7-siniň Owganystanyň harbylarydygy we ýene biriniň bolsa ýerli terjimeçidigi aýdylýar.

Şol wakanyň yzy bilen “Talyban” söweşijileri bu amerikan wertolýotyny özleriniň atyp ýere gaçyrandyklary barada maglumat ýaýradypdylar.
XS
SM
MD
LG