Sepleriň elýeterliligi

Londona 16 müň polisiýa işgäri gözegçilik eder


Duşenbe güni Britaniýada ýaşlaryň birnäçe topary Londonyň, Birmingemiň, Bristolyň hem Liwerpulyň kwartallarynda bulagaýçylyklary döretdiler.

Bu wakalardan soň, 9-njy awgustda gije Londonyň köçelerine gözegçilik üçin 16 müň polisiýa işgäriniň çykaryljakdygy habar berildi.

Duşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Londonda üçülenji gün dowam edýän bulagaýçylyklar bilen baglanyşykly gyssagly maslahat geçirmek üçin öz dynç alşyny bes edip, işine dolandy.

Maslahatda eden çykyşynda Deýwid Kameron: “Bu hakyky jenaýatçylyk, biz oňa garşy göreşeris we jenaýatçylary basyp ýatyrarys” diýdi.

Britaniýanyň içeri işler ministri Tereza Meýiň aýtmagyna görä, diňe Londonyň özünde bu bulagaýçylyklarda aýyplanyp, 450 adam tussag edilipdir.

Londonyň köçelerinde ýüze çykan zorlukda bir adamyň heläk bolandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG