Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklary: komissiýa kän, netije görnenok


Berdimuhamedowyň golastynda ýurtda bolup geçýän ähli prosesler “Döwlet adam üçindir” diýen resmi şygar astynda amala aşyrylýar.

Berdimuhamedowyň golastynda ýurtda bolup geçýän ähli prosesler “Döwlet adam üçindir” diýen resmi şygar astynda amala aşyrylýar.

12-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň adam hukuklary ugrundan halkara borçnamalaryny berjaý etmek boýunça pudagara komissiýasyny döretmek baradaky proýekti makullap, oňa gol çekdi.

Prezidentiň gol çeken permany bilen Türkmenistanyň adam hukuklaryna degişli halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek boýunça pudagara komissiýanyň Düzgünnamasy we düzümi tassyklandy. Bu komissiýanyň öňünde Türkmenistanda halkara gumanitar hukuklarynyň kadalaryny ornaşdyrmak wezipesi goýuldy.

Berdimuhamedowyň pikirine görä, halkara jemgyýetçiliginiň agzasy bolan we Birleşen Milletler Guramasynyň dokumentlerine, şol sanda kanunçylyga degişli dokumentlere gol çeken Türkmenistan “halkara borçnamalaryny ýerine ýetirýänligini iş ýüzünde görkezýär”.

“Şübheli mesele”

Türkmenistanyň ýolbaşçylary garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap ýurtda adam hukuklaryna hormat goýulýanlygyny yglan edip gelýärler.

Berdimuhamedowyň golastynda ýurtda bolup geçýän ähli prosesler “Döwlet adam üçindir” diýen resmi şygar astynda amala aşyrylýar. Muňa garamazdan, häkimiýetleriň adam hukuklaryna degişli ädýän ädimleri ýurduň ýaşaýjylary tarapyndan ynamsyzlyk bilen kabul edilýär. Bu ýagdaý adam hukuklary boýunça komissiýanyň işine hem degişli.

Türkmenistanda kabul edilýän kanunlar we döredilýän guramalar dünýäniň kada-kanunlaryna laýyk gelýän zatlar bolsa-da, olaryň amal edilişi göze ilenok
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ynamsyzlygyň sebäbini şeýle düşündirýär: “Bu, raýatlaryň hak-hukuklaryny dogrudanam gorajak bir komissiýamy ýa-da daşary ýurtlular üçin, göz üçin döredilýän komissiýamy? Ine, bu şübheli mesele? Sebäbi Türkmenistanda kabul edilýän kanunlar we döredilýän guramalar dünýäniň kada-kanunlaryna laýyk gelýän zatlar bolsa-da, olaryň amal edilişi göze ilenok”.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli kanunlaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek boýunça halkara derejesinde hyzmatdaşlyk alyp barýar. Hususan-da, günbatar döwletleri bilen parlamentara derejede konsultasiýalar geçirilýär.

Ýurtda raýatlaryň hak-hukuklaryny goramak üçin hem käbir çäreler görüldi. 2007-nji ýylda Türkmenistanda raýatlaryň kanuny goraýjy edaralaryň işinden şikaýatlara garaýan prezidentiň ýanyndaky döwlet komissiýasy döredilipdi. Emma adam hukuklaryny goraýjylar ýurtda demokratiki ösüşi görmeýärler.

Ösüş nähili?

Halkara “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Lidiýa Aroýu hem öz guramasynyň Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýluşy ugrundan hiç bir özgeriş görmeýändigini aýdýar.

“Ýurtda raýatlaryň söz, bileleşik, din we hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegi alada dörediji mesele. Köp adam açyk-aýdyň bolmadyk sudlaryň çykaran hökümine görä, türmede saklanýar. Köp adam ýitirim edildi. Biziň maglumatlarymyza görä, şu günki gün ýurtda azyndan 8 adam harby gullukdan ýüz öwrenligi sebäpli türmede saklanýar” diýip, Aroýu aýdýar .

Haýsy iş amal edilipdir ýa haýsy iş indi ediljek? Bu barada köpçülige aýdylanok. Diňe umumy habar derejede çaklenilýär.
Türkmenistan adam hukuklaryny berjaý etmek üçin çäre görýänligini resmi taýdan yglan edýärka, bu ugurdan resmi derejede yglan edilýän işleriň gidişi Türkmenistanyň öz raýatlary üçin hem nämälim bolup galýar.

“Prezidentiň ýanynda Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institut işleýär, beýleki komissiýalaram işleýär. Bu edaralaryň işi barada ýörite maslahatlar geçirildi, çykyşlar edildi diýip, metbugatda wagtal-wagtal habar berilýär. Emma haýsy iş amal edilipdir ýa haýsy iş indi ediljek? Bu barada köpçülige aýdylanok. Diňe umumy habar derejede çaklenilýär” diýip, Bugaýew aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäde adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň biri diýlip, aýdylyp gelinýär. Hususan-da, “Freedom House” guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça hasabatynda Türkmenistan iň erbet baha eýe boldy we dünýäniň iň ýapyk hem berk diktaturaly režimleri bolan Demirgazyk Koreýa, Somali we Eritreýa bilen bir derejede goýuldy.
XS
SM
MD
LG