Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gawun baýramyna bagyşlanan dabara


Amfiteatr görnüşinde gurlan “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň töwereginde her welaýatyň bakja önümleri bilen bezelen sergi pawilýonlary hem ýerleşdirilipdir.
Amfiteatr görnüşinde gurlan “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň töwereginde her welaýatyň bakja önümleri bilen bezelen sergi pawilýonlary hem ýerleşdirilipdir.

Gawun baýramynyň esasy dabarasy paýtagtyň Garaşsyzlyk seýilgähinde ýerleşýän “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirildi.

Medeni merkeziň esasy girelgesinde bakja önümleriniň sergisi gurnalypdyr. Sergide gawundan taýýarlanan kak, sök, toşap we talhan ýaly azyk önümleri goýlupdyr. Şeýle-de garpyzdan we kädiden taýýarlanan azyk önümleriniň hem birnäçe görnüşleri bar. Kepjebaş ýylan şekilindäki kädi ýa-da kädiden ýasalan sowadyjy şäherlilerde hem-de dabara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Sergidäki önümler türkmen daýhanlarynyň öz öndürýän önümleriniň dürli görnüşi bilen islendik alyjynyň islegini kanagatlandyryp biljekdigini görkezýär. Emma sergidäki eksponatlara türkmen bazarlarynda seýrek duşmak bolýandygyny sergä tomaşa etmäge gelen aşgabatly, 42 ýaşly Agamyrat Geldiýew aýdýar:

— Sergide görkezilen bakja önümlerinden taýýarlanan azyk önümleriniň köpüsi türkmen bazarlarynda ýok diýen ýaly. Dogry, bazarda kak, sök ýaly önümler bar. Emma, olaryň taýýarlanyş hili sergidäkiler bilen deňeşdirer ýaly däl. Onsoňam, gawunyň 400-den gowrak görnüşi bar diýip aýdýarlar. Emma, bazarlarda şolaryň bary-ýogy 5-6 görnüşi bar. Türkmenistanda ýetişdirilýän bakja önümleri biziň ýurdumyzyň brendi bolup biljek azyk harydy. Sowet döwründe Moskwanyň taksi sürüjileri 2 sany gawuna “Domodedowo” aeroprtyndan şähere çenli mugt äkidýärdiler. Ýa-da myhmanhanada «ýer ýok» diýýänlere 2 sany gawun ternesini berseň, ýer tapylýardy. Häzirem bakja önümleriniň eksporty dogry ýola goýulsa, gawun bilen garpyz biziň oba hojalygymyzy aýaga galdyrjak – diýip, Agamyrat Geldiýew aýtdy.



Baýramçylyk dabarasyna hökümet agzalary hem gatnaşdylar. Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri hem bu çärä bardylar. Adat bolşy ýaly, türkmen gawunynyň şanyna geçirilen bu dabara döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar hem gatnaşdyryldy. Dabara tomaşa etmäge gelenleriň arasynda öz islegi boýunça gelen aşgabatlylar hem az däl.

37 ýaşly, aşgabatly Maksat Orazow maşgalasy bilen baýramçylyk dabarasyna tomaşa etmäge gelipdir. Ol geçirilen baýramçylyk çäresi barada öz pikirini şeýle beýan etdi:

—Baýramçylygyň guralyşy erbet däl. Bazarlarymyzda görüp bolmaýan gawunlaryň görnüşlerine syn etmäge mümkinçilik boldy. Bakja önümlerinden taýýarlanan naz-nygmatlardan dadyp görmäge mümkinçiligem bar. Emma, gynandyrýan ýeri, bakja önümleriniň ýarmarkasy guralmandyr. Eger ýarmarka guralan bolsa, ondan azyk önümlerini satyn aljak adamlar köpdi.

Baýramçylyk dabarasyna hökümet agzalary hem gatnaşdylar.
Amfiteatr görnüşinde gurlan “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň töwereginde her welaýatyň bakja önümleri bilen bezelen sergi pawilýonlary hem ýerleşdirilipdir. Bu pawilýonlarda hem bakja önümlerinden taýýarlanan azyk önümleriň sergisi guralypdyr.

Pawilýonlaryň ýerleşen ýerinde welaýatlardan gelen folklor tans toparlarynyň çykyşlary hem görkezildi. Mundan başga-da aýdymçylaryň, saz we tans toparlarynyň çykyşlary amfiteatryň içinde uly konsert bilen dowam etdi. Konsertiň öňüsyrasynda bakjaçy daýhanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýurtda döwlet derejesinde 15 sany baýramçylyk dabarasy gurnaldy. Mundan başga-da, ýurt boýunça “Altyn asyryň altyn bakjasy” atly sergi bäsleşigi hem geçirildi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG