Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadaky wakalara türkmenler nähili garaýar?


Paýtagta giren gozgalaňçy güýçleri adamlar şatlyk bilen garşy aldylar, 22-nji awgust.

Paýtagta giren gozgalaňçy güýçleri adamlar şatlyk bilen garşy aldylar, 22-nji awgust.

Liwiýada ýarym ýyl bäri dowam edýän ýaragly syýasy garşylyk aýgytly we öwrülişik nokadyna golaýlana meňzeýär.


20-nji awgustda Tripolä hüjüme başlan gozgalaňçylar Kaddafiniň paýtagtyň merkezindäki rezidensiýasynyň daşynda söweş alyp barýarlar. Kaddafiniň özüniň nirede ýerleşýänligi belli bolmasa-da, onuň iki ogly gozgalaňçylar tarapyndan ele salyndy. Gozgalaňçylara NATO-nyň güýçleri ýardam berýär.

Tripoliniň gozgalaňçylar tarapyndan eýelenmegi Türkmenistanda ilat köpçüligi tarapyndan makullanmak bilen kabul edildi. Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şu ýylyň başyndan bäri arap döwletlerindäki syýasy prosesler türkmen jemgyýetinde iň köp pikir alşylýan temalaryň biri bolupdyr. Edil şu gün adamlaryň üýşen ýerlerinde ähli gürrüňler Liwiýa syrygýar.

“Kaddafiniň Gaagadaky halkara suduna tabşyrylmalydygyny adamlar aýdýarlar. Kaddafiniň režiminiň synmagyny gaty gowy garşy alýarlar. Liwiýanyň diktatorynyň synmagyny türmen halkymyzyň arasynda diktaturanyň oňurgasynyň ýazmagy diýip düşünýärler” diýip, Ýagulyýew aýdýar.

Ýazgulyýewiň bellemegine görä, köpler Türkmenistanyň syýasy gurluşyndaky käbir aýratynlyklary Muammar Kaddafiniň syýasy ideologiýasy bilen baglanyşdyrýarlar. “Nyýazowyň halypasydy Kaddafi. Hatda Nyýazowyň halk maslahatlary hem Kaddafiniň “Ýaşyl Kitabyndan” alnypdy” diýip, Ýazgulyýew aýdýar.

Liwiýadaky wakalar barada türkmen habar serişdelerinde düýpden maglumat berilmeýär. Şol wakalara yurduň yolbaşçylary tarapyndan hem resmi baha berilmän gelýär.

NATO-nyň goldawy bilen Liwiýada Kaddafiniň tarapdarlaryna garşy dowam edýän söweşler halkara jemgyýetçiliginde käbir tankytlara hem getirýär. NATO-nyň howa hüjümleriniň köp sanly adam pidalaryna sebäp bolýanlygy ýazgarylýar. Şu ýylyň fewral aýyndan bäri Liwiýadaky söweşlerde onlarça müň adamyň heläk bolanlygy habar berilýär. Tripolä edilen diňe bir soňky hüjümde heläk bolanlaryň sany müňden aşdy.

Duýgudaşlyk

Edil şu gün adamlaryň üýşen ýerlerinde ähli gürrüňler Liwiýa syrygýar.
Emma köp sanly adam pidalaryna garamazdan, Liwiýadaky harby gozgalaňçylaryň üstün çykmagynyň köpçülik tarapyndan makullanmagy dünýäde repressiw režimlere bolan çydamsyzlygyň güýçlenýändigini görkezýär.

Türkmen oppozisiýasynyň liderlerinden Nurmuhammet Hanamow şeýle diýýär: “Bu hemme diktatorlar üçin görelde boljak. Bu hem halkara guramalarynyň hem-de Günbatar döwletleriň şol syýasata garşydygyny görkezýär. Demokratiýany teklip edip, öňe sürýän döwletler oppozisiýanyň arkasynda durýanlygyny görkezdiler. Bu wakadan biziň döwletlerimiz-de netije çykarmaly, ýagdaýy bu derejä ýetirmeli däl”.

Diktatorlara garşy göreşlere duýgudaşlyk ýapyk we repressiw döwletlerde has güýçli duýulýar. Bu wakalar beýleki diktaturalara sapak bolmaly diýen pikirler türkmen jemgyýetinde-de güýçlenýär. “Häzir arap döwletlerinde, soňam beýleki diktator režimli döwletlerde şular ýaly rewolýusion prosesler bolup geçer. Mubaregiň, Kaddafiniň masgaraçylygy her bir diktator üçin sapak bolmaly. 21-nji asyr diktatorlaryň soňy bolar” diýip, türkmenistanly Maksat Dönmezow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Žurnalist Ýazgulyýewiň aýtmagyna görä, arap döwletlerindäki syýasy agdarylyşyklar türkmen jemgyýetinde ýurduň ýakyn taryhynda bolan käbir syýasy wakalara başgaça garalyp başlanmagyna hem itergi berdi. Bu, hususan-da, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýlip atlandyrylan wakalara we yz ýany bolan syýasy tutha-tutluklara degişli.

“Diktaturanyň islendik ýurtda ýan bermegi halkyň içinde elbetde umytlary döredýär. Ýaňy men uly toýda boldum, ol ýerde märeke bary jemlendi. Hatda 2002-nji ýylyň noýabr wakasy diýilýan wakalaryň halka garşy çäre bolandygyny, halkyň basyşy netijesinde şu gün bolmasa, ertir şol wakalara adyl bahalaryň beriljekdigini aýdýar adamlar” diýip, Ýazgulyýew aýdar.

Liwiýa Arap respublikasynyň syýasy we harby ýolbaşçysy Muammar Kaddafi 1969-njy ýylda patyşa Idris 1-njini tagtdan agdaryp, häkimiýet başyna gelipdi. 2011-nji ýylyň fewral aýynda ýurtda graždanlyk urşunyň başlamagyndan soň Kaddafi halkara sudy tarapyndan adamzada garşy jenaýatçylykda aýyplandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG