Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa bagyşlanan gyssagly maslahat tamamlanar


Ženewada BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Siriýadaky ýagdaýa bagyşlanan gyssagly maslahaty sişenbe güni öz işini tamamlar.

Geňeşe agza 24 ýurduň haýyşy boýunça çagyrylan duşuşyga gatnaşyjylar Siriýada adam hukuklarynyň bozulmagy boýunça faktlary dykgat bilen derňemäge çagyryş edýän rezolýusiýa nähili görnüşde bolmaly diýen meseläni çözmeli bolar.

Mundan öň Geňeşiň maslahatyny açanda, BMG-niň adam hukuklary boýunça komissiýasynyň baştutany Newi Pilleý Siriýada hökümete garşy çykyşlar güýç bilen basylyp ýatyrylanda, ölenleriň sanynyň 2,200 adama ýetendigini aýtdy.

Bazar güni agşam telewideniýe arkaly eden çykyşynda Başar al-Assad öz ýurdunyň işlerine daşary ýurtlaryň goşulyşmasyna garşydygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG