Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň prezidenti günä geçiş baradaky permana gol çekdi


Türkmenistanyň prezidenti mukaddes Gadyr gijesiniň hatyrasyna türme tussaglygyna höküm edilenleriň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi.

Permana laýyklykda günäsi geçilen adamlar eden jezasy üçin türme tussaglygyndan, şeýle-de goşmaça jeza hökmünde bellenen ýerde ýaşamakdan azat ediler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Berdimuhammedow soňky geçiren wideomaslahatynda günäsi geçilenleriň Gadyr gijesini öz ojaklarynda, ýakynlary bilen garşylamagyny gurnamagy degişli edaralara tabşyrypdy.

Şu ýyl 26-njy awgustdan 27-nji awgusta geçilýän gije - Gadyr gijesidir.

Näçe adamyň günäsiniň geçilendigi habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG