Sepleriň elýeterliligi

“Apple” korporasiýasynyň başlygy wezipesini terk etdi


“Apple” kompýuter korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Stiw Jobs kompaniýanyň baş direktory wezipesini terk etdi.

“Apple” kompaniýasynyň resmi beýanatynda indi Stiw Jobsyň kompaniýanyň direktorlar geňeşine başlyk bolandygy, şu ýylyň ýanwarynda saglygyny bejertmäge rugsada gidende, onuň wezipesini ýerine ýetiren Tim Kukuň baş direktor bolandygy habar berilýär.

Jobs garnasty mäzindäki rak keselini bejertdi.

“Apple” kompýuterleri we programma üpjünçiligini işläp düzýän öňdebaryjy korporasiýalaryň biridir. Ol 1976-njy ýylda esaslandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG