Sepleriň elýeterliligi

“WikiLeaks” Türkmenistan bilen baglanyşykly nobatdaky hatlary ýaýratdy


“WikiLeaks” internet saýty nobatdaky gezek 55 müň töweregi gizlin diplomatik hatlardygy aýdylýan telegrammalary çap etdi, şolardan 150 töweregi Türkmenistan bilen baglanyşykly.

Hatlaryň Türkmenistana degişli böleginde 2006-njy ýyldan 2010-njy ýyl aralagynda Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň diplomatik hatlarynda Türkmenistan bilen baglanyşykly ýazylan käbir bölekler getirilýär.

Hatlarda, eger dogry bolsa, Birleşen Ştatlaryň diplomatlarynyň Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan käbir kynçylyklaryny, olaryň Türkmenistandaky ýagdaýlara berýän bahalaryny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG