Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meksikadaky humarhana hüjüminde 53 adam öldi


Meksikanyň demirgazygyndaky Montereý şäherinde bir humarhana hüjüm edildi, 50 töweregi adam öldi.

Resmileriň maglumatyna görä, penşenbe güni alty ýa-da has köp adam “Kazino Roýal” girip, onuň geçelgesine ýangyç serişdesini döküp, otlapdyrlar. 53 adamyň ölendigi tassyklandy.

Meksikanyň Milli howpsuzlyk edarasynyň metbugat wekili Alehandro Poire telewideniýede çykyş edip, şeýle diýdi: “Bu çenden aşýan terror hüjümleri jezalandyrylman goýulmaz. Biz günäkärleri yzarlap tutarys. Olar bu elhenç, kadadan çykma, kabul ederliksiz jenaýat üçin jogap bermeli bolarlar”.

Montereý Meksikanyň üçünji uly şäheri bolup, soňky wagtlar bu ýerde ýowuzlyk, hususan-da neşe gaçakçylygy we jenaýat toparlary bilen bagly gazaplylyk has hem artypdy.
XS
SM
MD
LG