Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýanyň syýasy merkezi Tripolä geçirilýär


Kaddafiniň režiminiň garşydaşlary paýtagt Tripolä gözegçiliklerini berkitmek ugrunda tagalla edýärler.
Kaddafiniň režiminiň garşydaşlary paýtagt Tripolä gözegçiliklerini berkitmek ugrunda tagalla edýärler.
Liwiýanyň gozgalaňçylary özleriniň syýasy merkezini Bengaziden ýurduň paýtagty Tripolä geçirýändiklerini mälim etdiler.

Oppozisiýanyň Milli geçiş geňeşiniň maliýe ministri Ali Tarhunynyň aýtmagyna görä, Geňeşiň başlygy Mustafa Abdul Jalil Tripolidäki “howpsuzlyk ýagdaýlary kadalaşansoň”, ol ýere barmakçy.

Oppozisiýanyň Milli geçiş geňeşiniň maliýe ministri Ali Tarhuny
Tarhuny penşenbe güni giçlik Tripolide žurnalistler bilen gürrüňdeş boldy. Ol: “Men häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, ýerine ýetiriji edaranyň Tripolide öz işine başlandygyny mälim edýärin” diýip, öz çykyşynda belledi.

Şol bir wagtda-da Nýu-Ýorkda BMG-niň resmileri Liwiýanyň doňdurylan pullaryndan 1,5 milliard dollary ynsanperwerlik, sosial hyzmatlary we täzeden dikeldiş işleri üçin bermek kararyna geldiler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem “täze Liwiýa” özüniň goldawyny bildirdi. Şeýle-de ol Milli geçiş geňeşini özüniň “çydamly, agzybir, demokratik” ýurdy gurmak borçlaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Klinton özüniň ýazmaça beýanatynda Liwiýanyň fraksiýalarynyň arasynda birlige çagyrdy. Şeýle-de ol Liwiýada ar alyş hüjümleriniň we repressiýalaryň bolmaly däldigini hem belledi.

Şol bir wagtda Kaddafiniň režiminiň garşydaşlary paýtagt Tripolä gözegçiliklerini berkitmek ugrunda tagalla edýärler. Gozgalaňçylar mundan dört gün öň paýtagtyň kontrollygynyň aglabasyny ele alyp, Kaddafiniň güýçlerini gizlenmäge mejbur etdiler.

Triplolidäki çaknyşyklar dowam edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00


Anna güni irden gowşan maglumatlara görä, Tripoliniň Abu Slim etrabynda Kaddafiniň tarapdarlary bilen gozgalaňçylaryň arasynda atyşyklar bolupdyr.

Paýtagtdan 360 kilometr gündogarda ýerleşýän – Kaddafiniň dogduk şäheri – Sirtede güýçli çaknyşyklaryň gidýändigi habar berilýär. Bu ýere gozgalaňçylaryň harby komandirleri agyr artilleriýa ýaraglaryny we tanklary ugratdylar. Şeýle-de NATO-nyň bu şähere harby howa hüjümlerini amala aşyrandygy barada maglumat bar.

Gozgalaňçylar Kaddafiniň 40 ýyldan gowrak dowam eden häkimligini bes etmek ugrunda alty aý bäri söweşip gelýärler. Olar Kaddafiniň kellesi üçin 1,7 million dollar baýrak yglan etdiler. Şeýle-de, gozgalaňçylaryň beren wadasyna görä, Kaddafiniň töweregindäkilerden kim-de kim ony ele salsa ýa-da öldürse, ol adam amnistiýa düşer.

Adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanýan 69 ýaşly Kaddafi Halkara Jenaýat sudy tarapyndan hem gözlenilýär.
XS
SM
MD
LG