Sepleriň elýeterliligi

Eýranda türmelerdäki ýüz tussagyň günäsi geçildi


Ýekşenbe güni Eýranyň habar agentlikleri ýurduň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň türmelerdäki ýüz tussagyň günäsini geçmek barada karar çykarandygyny habar berdiler.

Maglumatda günäleri geçilen bu tussaglaryň arasynda 2009-njy ýylyň tomsunda Mahmud Ahmedinejadyň prezident saýlanmagyna protest bildirilip geçirilen demonstrasiýalarda tussag edilenleriň-de bardygy aýdylýar.

Tähranyň prokurory general Abbas Jafari Dolatabadi «Pars» habar agentligine beren interwýusynda bu tussaglaryň öz eden günälerine ökünendikleri üçin olaryň günäsiniň geçilendigini öňe sürdi.

Türkmenistanda bolşy ýaly, Eýrandaky bu günä geçişlik hem musulmanlaryň Oraza baýramynyň öňýanynda yglan edildi.
XS
SM
MD
LG