Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň prezidenti Siriýa bolan ynamyny ýitirdi


Ýekşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Siriýadaky wakalaryň indi kulminasiýa derejesine ýetendigini we ýagdaýyň gowulanmagyna ynamyň galmandygyny aýtdy.

Türkiýäniň «Anadoly» habar agentligine beren bu interwýusynda Abdylla Gül «Çaknyşyklar tamamlandy diýýärler, yzýanyndanam 17 adamyň ölendigi habar berilýär. Indi bu gün ölenleriň sany näçe bolarka!» diýip, öz nägileligini beýan etdi.

Abdullah Gülüň bu çykyşynyň fonunda ýekşenbe güni irden Arap Ligasy Siriýadaky wakalara nobatdaky gezek alada bildirip, ýörite beýanat ýaýratdy. Bu beýanatda Siriýadaky ýagdaýlaryň tutuş arap dünýäsiniň, şol sanda, Ýakyn Gündogar regionynyň durnuklylygy üçinem örän möhümligi nygtalýar.

Ýekşenbe güni siriýaly aktiwistler Damaskyň eteginde protestçilere garşy ok atmaklyga görkezme berlen harby esgerleriň bir böleginiň protestçileriň tarapyna geçip, beýleki harbylara garşy hüjüm edendiklerini habar berdiler. Ýöne Siriýanyň häkimiýetleri bu waka barada hiç hili maglumat ýaýratmadylar.
XS
SM
MD
LG