Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasat, medeniýet we oturtma saçlar


"Saçlary boýamakda ulanylýan serişdeleriň peýdaly hem zyýanly taraplary barada hünärmenleriň maslahatlary gazet-žurnallarda çap edilse gowy bolardy” diýip, Maral daýza aýdýar.
"Saçlary boýamakda ulanylýan serişdeleriň peýdaly hem zyýanly taraplary barada hünärmenleriň maslahatlary gazet-žurnallarda çap edilse gowy bolardy” diýip, Maral daýza aýdýar.
Türkmeniň nusgawy şahyrlarynyň asyrlarboýy wasp eden dört örüm saçlaryna indi diňe şygyrlarda duş gelse bolýar.

Ahal welaýatyndan ozalky mugallym, häzirki pensioner Maral daýza türkmen gelin-gyzlarynyň döwür bilen bäsleşmekleriniň tarapdarydygyny, şeýle-de bolsa gyz-gelinleriň görküne görk goşýan owadan saçlaryny kesmeklerine garşydygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, türkmeniň milli egin-eşiklerine uzyn saçlar görk goşýar.

Soňky ýyllar ene-mamalarymyzyň eý gören dört örüm saçlary iki örüme geldi. Dürli milletler bilen gatnaşylyp, beýleki milletleriň däplerine hem goşulyşyp başlan ýaşlarymyz ýewropa modalaryna ýykgyn etmek bilen, uzyn saçlaryny kesip, ony dürli reňklere boýamagy hem öwrendiler.

“Her kim öz islegine görä geýinmeli, öz islegine görä durmuşda ornuny tapmaly. Şeýle-de bolsa, türkmendigiňi hem unutmaly däl” diýip, Maral daýza öz pikirini mälim edýär.

Türkmenistanyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlara birmeňzeş gyzyl köýnek, tahýa geýmek bilen, saçlaryny hem iki örüp, öňlerine goýbermek barada görkezme bermek ýoň boldy. Bu görkezmeler milli syýasatyň bir bölegine öwrüldi.

Maral daýzanyň aýtmagyna görä, orta mekdeplerde hem saçlaryny iki örüp, öňlerine goýberip, tahýa geýmeklige gyzlara görkezme berilýär. Ýörite we ýokary okuw mekdepleri bilen deňeşdireniňde, orta mekdeplerde her klas üçin mekdep formasy bolýar. Gyzlaryň köýnekleri ýa gök, ýa-da ýaşyl matadan bolmaly. Saçlary tebigy gür bolmadyk mekdep okuwçylary hem, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlar hem saçlaryny örüp goýbermekde kynçylyk çekýärler.

Bazardan tapylan çözgüt

"Altyn asyr" bazarynda satylýan oturtma saçlar
Emma Maral daýza ýaş gyzlaryň köp kynçylyklardan baş çykaryp bilýändiklerini nygtaýar. Onuň aýtmagyna görä, diňe bir inçe saçlary däl, hatda kesilen saçlary bolan gyzlaryň hem köpüsi bazarlarda satylýan oturtma saçlary satyn alyp, saçlaryny uzyn hem ýogyn edip goýberýärler.

Bu meselede telekeçileriň hem uly goşantlary bar. Olar oturtma saçlaryň dürli görnüşlerini daşary döwletlerden getirip, satuwa çykarýarlar. Emeli saçlar Türkmenistanyň özünde önmeýär.

Satuwa çykarylýan oturtma saçlaryň reňkinde, uzynlygynda, ýogynlygynda gyzlaryň isleglerine görä, ýeter-ýetmezçilik bolmaýandygyny Maral daýza aýdýar.

Maral daýza türkmen telewideniýesiniň “Ýaşlyk”, “Miras” telekanallarynda programmalary alyp barýan ýaş gyzlaryň hem şular ýaly emeli saçlardan peýdalanýandyklarynyň äşgär duýulýandygyny belleýär. Emma, onuň syn etmegine görä, teleprogrammalary alyp barýan gyzlar oturtma saçlaryny ulanmakda biraz tejribesiz hereket edýärler. Tahýanyň eteginden iki örülip, döşüň üstünden goýberilýän saçlar al-asmanda dim-dik bolup görünýär.

“Iki örüm saçlar tolkun atyp, gyzlaryň görküne görk goşmaly. Bu ýerde biraz emelsizlik duýulýar. Bu bolsa gyzlaryň kellesindäki saçyň öz saçlary däldigini äşgär edýär. Şular ýaly oňaýsyz saçlary ulananyňdan, “az bolsun, uz bolsun” diýip, öz saçlaryň bilen oňmaklygyň oňat boljakdygyny Maral daýza nygtaýar.

Gyzlaryň köpüsi saçlaryny kesmegi oňat görýärler. Emma il içinde saçlarynyň uzyn hem ýogyn bolmagyny isleýänleriň ony ösdürmegiň ugruny tapmaýanlaryna hem duşsa bolýar.

Metbugatyň roly

Maral daýzanyň pikiriçe, bu meselede “Zenan kalby” ýaly zenanlara degişli žurnalda, halkyň köpräk okaýan gazetlerinde saçlary idetmek barada gyzlara maslahat berýän rubrikalaryň açylmagy gerek.

Ýaşlykda saçlaryny dürli reňklere boýamagy halaýan gyzlar soňra wagtyň geçmegi bilen saçlarynyň düşýändigine göz ýetirýärler. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda zenanlar saçsyz galýandyklaryndan utanýarlar.

“Munuň öňüni almak üçin, saçlary boýamakda ulanylýan serişdeleriň peýdaly hem zyýanly taraplary, ony dogry ulanmagyň ýollary barada hünärmenleriň maslahatlary gazet-žurnallarda çap edilse gowy bolardy” diýip, Maral daýza aýdýar.

Dünýäniň kadaly durmuşda ýaşaýan gelin-gyzlary saçlaryna isledikleriçe timar berýärler. Maral daýza hem şular ýaly erkinligiň tarapdary.

Ýokardan berilýän görkezmeler ýaş gyzlaryň erkin ösmeklerine päsgelçilik döredýär. Ýygnaklarda, duşuşyklarda birmeňzeş geýnüwli gyzlar göräýmäge zallary bezeýän ýaly. Emma olar erkin geýnip, saçlaryna hem öz isleglerine görä timar berseler, olaryň gözelligi has artjak ýaly görünýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, talyp bolmaga ilkinji gezek hukuk alan ýaş gyzlardan ýaňa şu günler oturtma saçlaryň satylýan dükanlarynyň öňi hyryn-dykyn. Her kim öz saçynyň reňkine görä oturtma saçlary saýlamak bilen başagaý. Bu meselede gyzlar biri-birine maslahatçy hem synçy bolýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG