Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada protestçilere garşy täze reýdler geçirildi


Duşenbe güni Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri käbir şäherlerde we ilatly merkezlerde prezident Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegini talap edýän protestçilere garşy täze reýdleri geçirdiler. Bu barada ýerli aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar habar berdiler.

Aktiwistleriň sözlerine görä, demirgazykdaky Saramin şäherinde 5 adam öldürilipdir we 60-dan gowrak adam ýaralanypdyr. Damaskyň golaýyndaky Karada bir protestçi öldi diýlip, habar berilýär.

Mundan öň, protestçileriň gözegçiliindäki Rastan şäherini tanklaryň we harby ulaglaryň gabandygy aýdyldy.

BMG-niň maglumatyna görä, 2,200-den gowrak adam soňky aýlarda Siriýada demonstrasiýa çykanlara garşy repressiýalaryň pidasy boldy.
XS
SM
MD
LG