Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýerli gurluşyk firmalaryna ýol berilýärmi?


“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.

“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.

25-27-nji awgust aralygynda Aşgabadyň Sergi köşgünde “Türkmengurluşyk-2011” atly halkara sergisi geçirildi. Oňa dünýäniň 30 ýurdundan 150 sany iri gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşandygy habar berildi. Olaryň arasynda öňden bäri Türkmenistanda işläp ýören “Buig Batiman”, “Polimeks” ýaly kompaniýalar bilen bir hatarda “Amman Rusland”, ”Krauf”, ”Altkom”, ”Buran Boiler” ýaly kompaniýalar boldy.


Halkara sergisini Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň bilelekde gurnandygy habar berildi. Sergä gurluşyk bilen meşgullanýan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda türkmenistanly hususy gurluşyk kompaniýalary hem gatnaşdy.

“Türkmengurluşyk-2011” sergisinde, 25-nji awgust.



Ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, ýurtda hususy gurluşyk kompaniýalarynyň ösmegine prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, güýçli itergi berildi. 2009-njy ýylyň iýul aýynda Berdimuhamedow ýerli gurluşyk kärhanalarynyň bäsdeşlik ukybyny ösdürmäge ýardam etjek ýörite karara gol çekipdi. Şol kararda ýerli gurluşyk kärhanalarynyň gurluşyk-montaž, remont we rekonstruksiýa işlerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen deň şertlerde tenderlere gatnaşyp biljekdigi aýdyldy.

2008-nji ýylda bolsa prezident Berdimuhamedow turkmen gurluşykçylaryna, daşary ýurt kompaniýalaryna garanda, şol bir eden işleri üçin az hak tölenýändigini nygtap, Gurluşyk ministrligine hemmeler üçin bir tarifiň girizilmegini tabşyrdy.

Gazanylan üstünlikler

Şu ýylyň mart aýynda ýerli metbugatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine salgylanyp berlen maglumatda ýurtda hasaba alnan ýerli hususy gurluşyk kompaniýalarynyň sanynyň 200-e baryp ýetendigi habar berildi.

Mundan öň türkmen gurluşykçylarynyň esasan subpodrýad, ýagny gurluşyk barada şertnama gol çeken esasy firma däl-de, aýry-aýry işleri etmäge ýardam berýän şirketler hökmünde iş alyp barandyklary, häzir bolsa ýerli hususy firmalara 12 gatly jaýlaryň gurluşygynyň ynanylýandygy habar berilýär.

“Türkmengurluşyk-2011” atly serginiň geçirilmegi bilen bagly ýaýradylan maglumatda gysga möhletde ýurtda “Türkmen Hazar ýollary”, “Doganlar”, “Ajaýyp bina”, “Ak tam”, “Ömür”, “Ussat” ýaly ýerli hususy gurluşyk kompaniýalarynyň köpüsiniň ygtybarly ykdysady hyzmatdaş hökmünde özlerini tanadandyklary bellenildi.

Häzirki wagtda döwlet ýerli gurluşyk firmalaryna ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, stadionlary gurmak boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyny ynandy. Ýurduň hususy firmalary ilkinji gezek köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň baş potratçylary hökmünde çykyş etdiler diýlip, habar berilýär.

Ösüşe näme päsgelçilik döredýär?

Synçylaryň pikiriçe, ýurduň ýapyklygy, käbir halatlarda kanunlaryň işlemezligi, monopoliýa garşy garaşsyz edaranyň bolmazlygy, telekeçileriň kynçylyklary barada aýdyp biljek garaşsyz metbugata ýol berilmezligi, parahorlugyň giňden ýaýramagy, hökümete degişli däl guramalaryň işiniň çäklendirilmegi hususy gurluşyk kompaniýalarynyň köpelip, olaryň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna böwet bolýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri oglunyň gurluşyk kompaniýasyny açmaga synanyşandygyny gürrüň berdi. Ýöne ol şeýle kompaniýany açmak üçin Türkmenistanda ýokarda oturan çinownikleriň arasynda howandarlyk edýän kişi tapylmasa, gurluşyk pudagynda iş alyp barmagyň juda kyndygyny aýtdy.

Özüni Azat diýip atlandyran telekeçi Türkmenistanda gurluşyk firmasyny açyp, Aşgabat şäher häkimligi bilen çagalar bagynyň gurluşygy babatda şertnama gol çekendigini gürrüň berdi. Emma şertnamada gurluşyk desgasyny tabşyrmak üçin bellenilen wagt möhletiniň, gurluşyk tehnologiýasynyň hemme şertlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýändigini aýdyp, Azat çagalar üçin gurulýan desganyň hili barada alada edip, şertnamadaky möhletden biraz gijigendigini aýtdy.

“Ylalaşygyň şertini ýerine ýetirmediň diýen bahana bilen, Aşgabadyň häkimligi gurluşygy gutarylmadyk desgany elimden aldy. Gurluşyga sarp eden serişdelerimi-de gaýtaryp bermedi” diýip, telekeçi ýurduň prezidentiniň ýerli gurluşykçylary höweslendirmek baradaky inisiatiwasynyň Aşgabat şäher häkimliginde goldanmaýandygyny öňe sürdi.

“Meniň ýaly hökümet bilen belli bir desganyň gurluşygy babatda şertnama gol çekip, onlarça müň dollaryny ýitiren telekeçi az däl. Olardan käbiri gurluşyk bilen meşgullanmagy bes eden bolsa, beýlekileri bu ýakymsyz sapakdan netije çykaryp, hökümet bilen gönüden-göni ylalaşyga gol çekmekden çekinýärler. Şonuň üçin türkmen gurluşykçylary “Polimeks”, “Itera” we beýleki iri daşary ýurt kompaniýalarynda subpodrýadçy hökmünde iş alyp barýarlar” diýip, Azat aýdýar.

Gurluşyk pudagynda hususy kompaniýalaryň sanyny artdyryp, olaryň ösmegini, berkemegini gazanmak üçin näme etmeli? Bu sowala Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew şeýle jogap berýär:

—Ýerli gurluşykçylar iri daşary ýurt kompaniýalary bilen bäsleşip bilmez, şol sebäpden ýerli telekeçiler hökümetiň goldawyna mätäç. Häkimiýet başyndakylar ýurtda hususy gurluşyk biznesini ösdürmek babatda ýörite maksatnamany taýýarlap, ony kabul etmeli. Ýurtda gaty köp serişde gurluşyklara sarp edilýar. Gurluşyk bilen meşgullanýan ýerli kompaniýalary höweslendirmek üçin häkimiýetler türkmen telekeçilerine dürli desgalaryň gurluşygyny tabşyryp, gurluşyk tehnologiýasynyň talaplaryna görä, oýlanyşykly düzülen ylalaşyklara gol çekmeli. Häzir bolsa, gurluşyk desgasynyň belli bir senä tabşyrylmalydygy aýdylyp, gurluşygyň hiline üns bermäge wagt goýulmaýar. Bu bolsa gurluşygy alyp baran kompaniýanyň abraýyna-da ýaramaz täsir edýär.

Türkmen gurluşykçylaryna ýeňillikli karzlar berilmeli, salgyt ýenillikleri girizilmeli, gurluşyk tehnikasy we materiallar getirilmegi üçin gümrük töleglerinde ýörite ýenilleşdirilen tarifler kesgitlenmeli. Şeýle çäreler ýurtda hususy gurluşyk firmalarynyň ösmegine ýardam berer — diýip, Hajyýew aýdýar.

Ykdysatçy Hajyýew döwlet monopoliýasy höküm sürýän ýurtda monopoliýa garşy garaşsyz edaranyň döredilmeginiň manysynyň ýokdugyny aýdýar:

—Garaşsyz sudlary bolmadyk ýurtda monopoliýa garşy garaşsyz edaranyň işlemegine bil baglap bolmaz. Kanunlary kabul etmek hem ýeterlikli däl, bank ulgamynda hakyky reformalary geçirip, şol kanunlaryň işlemegini gazanmaly. Telekeçileriň hak-hukugyny gorap biljek kärdeşler arkalaşygynyň döredilmegi hem ýerli gurluşykçylaryň işlerine has ynamly, ykjam çemeleşmegine ýardam bererdi.

“Türkmengurluşyk-2011” atly halkara sergisi barada berlen maglumatlarda häzir Türkmenistanda 2,100-e golaý desganyň gurulýandygy, olaryň umumy bahasynyň 32,3 millard dollara barabardygy aýdyldy. Türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýyla çenli ýurtda öndürilýän içerki önümiň 70%-niň hususy pudaga degişli bolmagyny planlaşdyryp, bu ugurda hereket edýändiklerini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG