Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda sekiz çaga azatlyga çykarylýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý janyndan geçen hüjümçiler bolmakda gümän edilýän sekiz çagany yzyna – maşgalalaryna ugratmak barada görkezme berdi. Bularyň arasynda ýedi ýaşyndaky çaga hem bar.

20-ä golaý çaga hüjümleri amala aşyrmazdan öňinçä, ýurduň dürli künjeklerinde ele salnypdy.

Oraza baýramy mynasybetli eden çykyşynda Karzaý çagalaryň “Talybanyň” aldawyna düşendiklerini aýtdy.

Geçen hepde Owganystanyň prezidenti azatlyga çykarylan sekiz çaga bilen Kabulda duşuşypdy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçiler bolmakda gümän edilýän çaglaryň galan 12-si ýörite programma boýunça okuw geçeninden soň, azatlyga goýberler. Olaryň ählisi kämillik ýaşyna ýetmedikler.
XS
SM
MD
LG