Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew dini toparlaryň işlerine berk gözegçiligiň gerekdigini aýdýar


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew öz ýurdundaky dini toparlaryň işlerine berk gözegçilik etmelidigini aýtdy.

Maý aýynda ýurduň günbatarynda ajalyna kaýyl adam bomba partladaly bäri, Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleri yslamçy gozgalaňçylary gözleýärler.

Ýurtda ilkinji gezek partlama Aktöbedäki häkimligiň binasynda boldy.

Şu hepdäniň başlaryndaky howpsuzlyk operasiýasynda bir gozgalaňçy öldi we başga-da 18 gozgalaňçy ýaralandy.

Nazarbaýewiň sözlerine görä, täze kanun “döwleti dini ekstremizmden goramalydyr”.

Penşenbe güni Gazagystanyň baş ymamy Kaýrat Lama Şerif häkimiýetleriň ähli dini toparlary täzeden hasaba aljakdygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG