Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan komissiýasy: Owganystan bilen Yrakda onlarça milliard dollar ýele sowruldy


Hasabatda hökümetiň Yrakda we Owganystanda işe çeken potratçylarynyň sanynyň Amerikanyň bu ýerlerdäki harby işgärleriniň sanyndan köp bolan mahallarynyň hem bolandygy aýdylýar.
Hasabatda hökümetiň Yrakda we Owganystanda işe çeken potratçylarynyň sanynyň Amerikanyň bu ýerlerdäki harby işgärleriniň sanyndan köp bolan mahallarynyň hem bolandygy aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň iki partiýasynyň agzalary bilen maliýe derňewçilerinden we öňki kanun çykaryjylardan durýan bir komissiýa potratçylar bilen baglanyşykly bisarpalyk, aldaw netijesinde amerikan hökümetiniň öten 10 ýyllykda Owganystan bilen Yrakda 60 milliard dollara çenli zyýan çekendigini aýdýar.

Uruş döwründäki kontraktlara garamak maksady bilen 2008-nji ýylda Kongres tarapyndan döredilen bu komissiýanyň öz hasabatynda bellemegine görä, bu bisarpalyk diňe bir häzir maliýe taýdan kynçylyk çekýän amerikan hökümetine urlan zarba däl. Onuň Birleşen Ştatlar tarapyndan maliýeleşdirilýän proýektlerden peýdalanýan Owganystana we Yraga hem oňaýsyz täsir etmegi mümkin.

“11-nji sentýabrdan soň, Yrak hem Owganystanda ýurduň daşyndaky infrastruktura we howpsuzlyk programmalary ýola goýlan döwürde bir zadyň ýalňyşdygy bellidi. Komissiýanyň öz hasabatynda belleýşi ýaly, gowy kompaniýalar ýok däldi. Olar öz işlerini gowy ýerine ýetirýärdiler. Ýöne bu kontraktlaryň nähili ýola goýluşynda struktura we ýolbaşçylyk taýdan birgiden kemçilikler hem bardy” diýip, Komissiýanyň döredilmegi baradaky kanuny goldan senator Jeýms Webb aýdýar.

Hasabatda hökümetiň Yrakda we Owganystanda işe çeken potratçylarynyň sanynyň Amerikanyň bu ýerlerdäki harby işgärleriniň sanyndan köp bolan mahallarynyň hem bolandygy aýdylýar. Doly gözegçiligiň bolmazlygynyň başa barmadyk proýektlere, ýaramaz planlaşdyryşa, jenaýatçylykly hereketlere we korrupsiýa getirip, Birleşen Ştatlaryň tagallalaryna zyýan ýetirenligi bellenilýär.

Salgyt töleýjilere ýetiren zyýany

Komissiýa, tutuşlygyna alanyňda, bu iki ýurtda kontrakt işlerinde bolan bisarpalygyň we kezzaplygyň amerikan salgyt töleýjilerine ýetiren zyýanyny 30 milliard dollar bilen 60 milliard dollaryň aralygy diýip berýär. Bu Owganystanda we Yrakda alnyp barlan işleri goldamak üçin baglaşylan kontraktlara 2011-nji ýylyň aýagyna çenli tölenmeli puluň 30 prosent çemesidir.

Hasabatda getirilýän mysallaryň biri Yrakda gurulmaly edilen 40 million dollarlyk bir tussaghana. Soňuna çenli gurlup gutarylmadyk bu tussaghana Yrak hökümetiniň asla islän zady däl.

Ýene bir mysal-da Owganystanda 360 million dollarlyk bir oba hojalyk proýekti. Bu pul oba ýerlerindäki ilata meýletin eden işleri üçin tölenipdir. Komissiýanyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Respublikan partiýanyň öňki wekili Kristofer Şaýsyň garaýşyça, käbir halatlarda potratçylara ynam edilmeginiň bikanun bolmagy-da mümkin.

“Biz ‘aşa köp bil baglamak’ diýmek bilen potratçylaryň düýp çözgüde öwrülendigini aýdýarys. Olar federal işgärleriň etmeli işlerini-de edipdirler. Bular kanun, syýasat we düzgünler tarapyndan federal işgärlere goýulmagy talap edilýän wezipeler. Kanuny bolaýanda-da käbir işleri potratçylara tabşyrmak ýaraşykly zat däl. Munuň Amerikanyň bähbitlerine gezek gelende kabul ederliksiz, töwekgelçilikli bolmagy mümkin” diýip, Şaýs aýdýar.

Hasabatda kanun taýdan ýörite döwlet işgärleri üçin göz öňünde tutulan haýsy işleriň potratçylara berlendigi aýdylmaýar.

“Talybanyň” maliýe çeşmesi

Komissiýa şeýle hem Owganystandaky pitneçiligiň bikanun neşe söwdasyndan soňra ikinji orunda durýan maliýe çeşmesiniň Birleşen Ştatlaryň maliýeleşdirýän proýektlerinden we transport kontraktlaryndan gazanylýan pullardygyny aýdýar. Ýöne şu ýol bilen sowrulan pullaryň möçberi berilmeýär.

Hasabatda ýene-de öňümizdäki ýyllarda bisarpa harçlanan pullaryň 30 milliard dollar çemesi artmagy mümkin diýlip, duýduryş berilýär.

Waşington Yragy we Owganystany uzak wagtlap goldamagy wada etse-de, Amerika tarapyndan maliýeleşdirilýän gurluşyk proýektleriniň we sosial programmalaryň jogapkärçiligini Kabul we Bagdatdaky hökümetleriň öz üstlerine almaly bolmagy mümkin.

Şaýsyň aýtmagyna görä, gelnen netijeler Birleşen Ştatlaryň kontrak işleriniň reformirlenmeginiň zerurdygyny görkezýär. “Onlarça milliard dollar pul eýýäm sowruldy. Bu işiň ýene-de bolmak mümkinçiligi, bu problemalaryň täzeden döremek töwekgelligi sebäpli Amerika garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz. Muny inkär etmek, gijikdirmek gowy iş däl” diýip, Şaýs aýdýar.

Hasabat Waşingtonda döwlet bergilerini çäklendirmek üçin häzir býujetiň jikme-jik gözden geçirilýän mahalyna gabat gelýär. Goranmak ministrligi geljek 10 ýylyň içinde edýän çykdajylaryny 350 milliard dollara çenli kemeltmäge mejbur edildi.
XS
SM
MD
LG