Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet "Transowgan" proýektinin gurluşygyna gatnaşmakçy


Anna güni Duşenbe şäherinde Owganystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Orsýetiň liderleri bilelikde beýannama kabul etdi.

Prezidentler 2009-njy ýylyň 30-njy iýulynda Duşenbede, 2010-njy ýylyň 18-nji awgustynda Soçide gelnen ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmak üçin regional ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça, şeýle-de dört ýurduň neşä garşy göreş edaralarynyň baştutanlarynyň geçiren duşuşygy boýunça bilelikdäki ekspertler toparyny döretmegi goldadylar diýlip, dokumentde bellenýär.

16 maddadan ybarat Bilelikdäki beýannamanyň 10-njy maddasynda: “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna Orsýetiň gatnaşmak isleginiň goldanylýandygy” görkezilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň 2010-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda ýaýradan beýannamasynda: “Proýekte agza bolmadyk beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň proýekte gatnaşmak meselesi Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan tarapyndan bilelikde çözülip bilner” diýlipdi.
XS
SM
MD
LG