Sepleriň elýeterliligi

Käýinç almakda rekord goýuldy


Wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa özüniň ilkinji käýinjini 2009-njy ýylyň fewralynda, ikinji käýinjini 2010-njy ýylyň ýanwarynda, üçünji käýinjini bolsa 2011-nji ýylyň ýanwarynda alypdy.

Wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa özüniň ilkinji käýinjini 2009-njy ýylyň fewralynda, ikinji käýinjini 2010-njy ýylyň ýanwarynda, üçünji käýinjini bolsa 2011-nji ýylyň ýanwarynda alypdy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüne ynanylan düzümleriň işlerinde ýol beren düýpli kemçilikleri üçin wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.


Hususan-da Berdimuhamedow milli telewideniýäniň hem-de metbugatyň işinde ýetmezçilikleriň bardygyny, ýurtda dabaraly çärelere bagyşlanyp geçirilýän konsertleriň pes derejede guralýandygyny, şeýle hem durmuş-medeni maksatly desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda açylmagy göz öňünde tutulýan Medeniýet şäherçesini işe girizmekde taýýarlamakda kemçilikleriň bardygyny aýdyp, Ýazmuhammedowanyň işini berk tankytlady.

Ýazmuhammedowa berlen bu gezekki käýinç eýýäm dördünjidir. Wise-premýer özüniň ilkinji käýinjini 2009-njy ýylyň fewralynda, ikinji käýinjini 2010-njy ýylyň ýanwarynda, üçünji käýinjini bolsa 2011-nji ýylyň ýanwarynda alypdy.

Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasaryna berlen käýinçleriň başky ikisi onuň öz garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda işleriň talabalaýyk guralmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin berlen bolsa, üçünji käýinç medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň we medeni maksatly binalary ulanmagyň tertibiniň bozulmagyna ýol berenligi üçin berlipdi.

Ýazmuhammedowanyň bu gezekki käýinç almagynda Medeniýet şäherçesiniň işe girizilmeginde haýal-ýagallyga ýol berilmegiň sebäbiniň ýatandygy barada aýdylýar.

Medeniýet şäherçesiniň düýbi Türkiýäniň “Sehil Inşaat” kompaniýasy tarapyndan 2008-nji ýylyň başynda tutulypdy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda açylmagy göz öňünde tutulan Medeniýet şäherçesiniň dabarasy Medeniýet institutynyň binasynyň doly tamamlanmandygy sebäpli has yza süýşürildi.

2010-njy ýylyň 9-njy iýunynda Berdimuhamedow Medeniýet şäherçesiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine hut özi baryp görüpdi we işleriň barşyndan nägilelik bildirip, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowdan, wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowadan kemçilikleri düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap edipdi. Ýöne bu meselede işleriň haýal depginde barýanlygy sebäpli, Berdimuhamedow Ýazmuhammedowa şu ýylyň ýanwarynda käýinç beripdi.

Bu proýektiň bahasy 150 million dollara barabardyr. Medeniýet şäherçesi Türkmen döwlet medeniýet institutyny, ýörite sazçylyk mekdebini, çagalar bagyny, umumy bilim berýän orta mekdebi, üç sany köp gatly jaýlary özünde jemleýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanansoň, 200-den gowrak kwartiralar ýurduň medeniýet we döredijilik işgärlerine paýlanylyp berilmeli edilipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG