Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bir türkmen – bir ykbal: Pygam Azymow


Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Türkiýe Dilçiler jemgyýetiniň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Pygam Azymow

Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, Türkiýe Dilçiler jemgyýetiniň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Pygam Azymow

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkiýe Dilçiler jemgyýetiniň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Pygam Azymow 1915-nji ýylda Saýat raýonynyň Çowdur obasynda dogulýar, ol 1994-nji ýylda tragiki ýagdaýda, awtomobil heläkçiliginde aradan çykýar.

20-nji asyryň görnükli türkmen dilçi alymlaryndan Pygam Azymow barasynda dilçiler Sapar Kürenow bilen Haýdar Muhyýewiň “Türkmen dilçileri” diýen kitabynda şeýle maglumatlar berlipdir:

Pygam Azymowyň çagalyk ýyllary agyr geçýär, baýlaryň gapysynda batrak bolýar. Ol öz obalaryndaky mekdebi gutarandan soň, 1929-31-nji ýyllarda Çärjewdäki pedagogik tehnikumda okaýar. Şondan soň iki ýyllap obada mugallymçylyk edip, 1933-nji ýylda Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär we dört ýylda ony tamamlaýar. Şol ýerde ony mugallym edip, işe alyp galýarlar, 1940-njy ýylda işiň ýanyndan aspirantura girip, iki ýyldan soň kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar.

Ol institutda mugallymçylyk işiniň ýanyndan türkmen diliniň praktiki meselelerini işläp düzmäge, durnukly okuw kitaplaryny ýazmaga aktiw gatnaşyp başlaýar. Onuň türkmen diliniň sintaksisi boýunça taýýarlan “Gönükmeler” ýygyndysy 1938-nji ýylda özbaşyna kitap bolup çykýar.

Pygam Azymowyň meşhur dilçi Hojamyrat Baýlyýew bilen bilelikde “Türkmen diliniň sintaksisi” kitabynyň birinji neşiri 1939-njy ýylda çapdan çykýar. Bu kitabyň Pygam Azymow tarapyndan täzeden işlenen görnüşi 1948-nji ýylda Türkmenistanyň Halk magaryf ministrligi tarapyndan yglan edilen konkursda birinji baýraga mynasyp bolýar.

Onuň professor Abdylla Gurbanow bilen bilelikde ýazan “Harplygy” Türkmenistanyň Halk magaryf ministrligi tarapyndan yglan edilen konkursyň baýraklaryna 1951, 1962-nji ýyllarda mynasyp bolýar. Bu “Harplyk” özünden öňki harplyklardan oňat hilli ýazylandygy, okuwçylara harp öwretmegiň ýeňil usulynda düzülendigi bilen tapawutlanýar.

Pygam Azymow uruş ýyllary SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan bölüminiň alym sekretary we prezidiumynyň agzasy, Taryh, dil we edebiýat institutynyň diretkory wezipelerinde işleýär. 1948-nji ýylda “Türkmen dilinde sözleriň söz ýasaýjy goşulamalar arkaly ýasalyşy” diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol şol ýyldan başlap 12 ýylyň dowamynda Aşgabat Döwlet pedagogik institutynyň direktory, soňra Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň rektory wezipelerinde işleýär.

1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasy döredilýär. Pygam Azymow şol ýyl Akademiýanyň akademikligine saýlanýar. Ol 1963-65-nji ýyllarda Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň professory, SSSR YA-nyň Jemgyýetçilik ylymlary bölüminiň akademik-sekretary bolup işleýär.

1966-njy ýylyň ýanwarynda Pygam Azymow Türkmenistanyň YA-nyň prezidentligine saýlanýar. Ol Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary üçin türkmen dilinden okuw kitabyny döretmäge, şonuň ýaly-da mugallymlar, studentler, metbugat işgärleri üçin “Türkmen diliniň orfografiýasy we punktuasiýasy” boýunça gollanma taýýarlamaga-da aktiw gatnaşýar.

“Häzirki zaman türkmen dili (grafika, morfologiýa)” (1960) we “Häzirki zaman türkmen dili (sintaksis)” (1962) atly kitaplar onuň gös-göni gatnaşmagynda hem ýolbaşçylygynda neşir edildi.

Okuw kitaplaryny döretmek bilen birlikde alym türkmen diliniň ýazuw kadalaryny, grafikasyny işläp düzmek, olary kämilleşdirmek ugrunda birnäçe işler etdi. Onuň “Türkmen diliniň häzirki orfografiýasyna käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” diýen işi (1952) we Türkmen dilçileriniň ikinji gurultaýynda (1954) eden “Türkmen diliniň orfografiýasyna girizilýän käbir üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda” atly doklady muňa aýdyň mysaldyr.

Professor Pygam Azymow türkmen diliniň praktiki meselelerini işläp düzmekde we olary kämilleşdirmekde, ösdürmekde, türkmen dilini aýry-aýry ylmy nukdaýnazardan derňemekde we çözmekde hem köp işler bitirdi. Akademik türkmen diliniň leksiki düzümini öwrenmek, ony ylmy esasda derňemek boýunça-da köp iş etdi. Onuň “Türkmen dilinde arap-pars elementleri” , “Türkmen diliniň leksiki sostawy”, “Häzirki zaman türkmen dili, giriş we leksika” atly işleri türkmen diliniň sözlük düzümini derňemäge bagyşlanandyr.

Türkmen dilinin orfografik sözlüklerini taýýarlamak we düzmek boýunça hem professoryň alyp baran işleri ýörite bellenmäge mynasypdyr. Onuň Hojamyrat Baýlyýew bilen bilelikde düzen ilkinji orfografik sözlügi 1947-nji ýylda çap bolup çykdy. Ol sözlük Türkmenistanyň Birinji lingwistik gurultaýynyň we ondan soňky döwürlerdäki orfografiýa we terminologiýa baradaky kararlar esasynda düzülipdi. Soňra onuň gatnaşmagy we ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ikinji lingwistik gurultaýynyň orfografiýa düzgünleri baradaky kararlary esasynda “Türkmen diliniň ikinji orfografik sözlügi” (1953) düzüldi we Pygam Azymowyň redaktorlygynda çap edildi.

Akademik soňky ýyllarda türkmen diliniň we dil biliminiň dürli meselelerini öz içine alýan teoretiki makalalary bilen gazet-žurnallaryň we Soýuz möçberinde çykýan ýygyndylaryň sahypalarynda çykyş etdi.

Türkmen dil bilimi boýunça ökde hünärli kadrlary taýýarlap ýetişdirmek meselesine-de akademik aýratyn üns berdi. M.Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň professorlary Gumman Saryýew, Jumamyrat Amansaryýew, dosent Ata Myradow, Ýazly Çöňnäýew, Akmämmet Annamämmedow, Bike Jumageldiýewa, Haýdar Muhyýew, Türkmenistan YA-nyň uly ylmy işgärleri Häsiýet Gapurowa, Sabyr Arazgulyýew we başga-da köp alymlar hut şu akademigiň yzygiderli halypalyk etmegi netijesinde ösüp ýetişdiler. P.Azymow halkara möçberinde geçirilýän çäreleriň hem birnäçesine gatnaşdy. (Sapar Kürenow bilen Haýdar Muhyýewiň “Türkmen dilçileri” atly kitabyndan sitatanyň soňy.)

Pygam Azymow baradaky ýatlamalardan

Türkmenistanyň öňki adalat ministri, ýazyjy, şahyr, öz wagtynda Pygam Azymowyň studenti bolan Ýusup Haýydow:

- Geçen asyryň 53-nji ýylynda men Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň ýuridik fakultetine okuwa girdim. Rektor Azymowy men okuw jaýymyzyň howlusynda setanda-seýranda görýärdim. Uniwersitetiň Mopr köçesiniň günbatar çetindäki umumy ýaşaýyş jaýynda taryhçy, dilçi, ýurist studentler ýaşaýardy. Günleriň birinde: “Lebaply, watançylyk urşuna gatnaşan taryh fakultetiniň ikinji kursunyň studenti Ödemyrat düşekde galman syrkaw ýatyr” diýip eşitdim. Ýöne onuň familiýasy ýadymda ýok. Soramana bardym. Krowatynda ýalaňaç ýatyr. Guragyry bürüp alypdyr. Ol derdiniň üstesine “Men a-aç!” diýip gygyrdy. Mugallymlaryň biriniň oňa jyny düşüp, stipendiýadan kesipdirler. Sekiz aý bäri tanyşlarynyň döwüm-dişlem çöregine ýaşaýar eken. Kömek edeýin diýsem, özümem Ödemyrat ýaly garyp. Gaýtjak bolanymda: “Rektoryň ýanyna baryp, ýagdaýymy aýdyp bilmezmiň?” diýdi.

Häsiýetim gorkagragam bolsa, ertesi öýlän rektoryň kabulhanasyna bardym. Pygam Azymow derrew kabul etdi. Üns berip, diňledi. Stolunyň tahylyny çekip, ýüzlük çykaryp berdi. “Häzir şuny eltip ber. Sekiz aýlyk stipendiýasynam ertir kassadan alar” diýdi. Rektoryň diýşi ýalam boldy. Ödemyrat soňra uniwersiteti tamamlady.

Ikinji waka: Dördünji kursda okaýardyk. Ýazyjy hökmünde tanalýan Paýzy Orazowy, hamana, Moskwadan gelen mugallyma gödek jogap bereni üçin okuwdan çykardylar. Paýzy biziň aramyzda ýaşy uly, ekabyr bolansoň, kursdaşlarymyzyň köpüsi onuň täsirindedi. Arakesmede şolaryň biri maňa: “Paýzynyň okuwdan çykarylmazlygyny sorap, rektoryň adyna arza ýazdyk. Seniň adyňy ýazalymy?” diýip sorady. Razylyk berdim. Ertesi harby sapak gidip durka, polkownik meni daşaryk çagyrdy. Yzyna tirkäp, rektoryň kabinetine alyp bardy. Kabinetiň içi mugallymlardan hyryn-dykyn.

Pygam Azymow arza ýazmagy kimiň gurnandygyny sorady. Näme diýjegimi bilmän durun. Rektor: “Ýigrimi adama baş bolup, arzada seniň adyň birinji bolup dur, sen ýazdyňmy?” diýdi. “Ýok, pylana ýaz diýip, haýyş etdim. Sebäbi ol orsça menden sowatly. Ýalňyşan bolsam, ýoldaş mugallym, bagyşlaň“ diýdim.

“Bolýar, bagyşlaýan, ozalkyň ýaly ýeke gelen bolsaň, Paýzyny okuwdan çykarmazdyk. Indi bir ýyl önümçilikde işläp gelsin, soň dikelderis. Bar-da, özüne-de şuny aýt” diýdi. Dogrudan-da, Azymow diýşi ýalam etdi, Paýzy Orazow uniwersiteti tamamlady. Ömrüniň ahyryna çenli notarius bolup işledi.

Türkmenistanyň adalat ministri bolup işlän ýyllarym akademik P.Azymow bilen duşuşýardym. Onuň şol beýik mugallymlygydy, meninem studentligimdi. Her duşuşykdan sapak alyp gaýdýardym.

Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty Aşyrguly Baýryýew:

- Meni 1988-nji ýylda TKP MK-nyň Metbugat bölümine işe geçirdiler. Şol döwürde Pygam Azymowyň adyna birnäçe gezek gabat geldim. Onuň üstünden golly, golsuz arzalar ýazylýardy. Köplenç şol arzalaryň awtorlary bardy. Dogrusy, şol arzalara biziň bölümimizde däl-de, ylym bölüminde seredilmelidi. Ýöne şol wagtlar ylym bölüminde Pygam Azymowyň ogly Baýram orunbasar bolup işleýärdi hem-de kitap çykarmak bilen bagly arzadaky şikaýatlar sebäpli şol arzalaryň birnäçesini biziň bölümimize berýärdiler. Şol arzalary derňeýärdik, spesialistleriň pikiri bilen degşirip, çykan netijäni MK-nyň ýolbaşçylaryna berýärdik. Köplenç “Ýazylýan zatlar tassyk bolmady” diýen netije çykýardy.

Ýöne men bir zada geň galdym: Pygam Azymow ýaly türkmen ylmyna, medeniýetine uly goşant goşan uly alymyň üstündenem arza ýazýar ekenler. Men şuňa häli-bu güne çenli geň galýaryn.

Adynyň tutulmagyny islemedik türkmenistanly professoryň Azatlyk Radiosyna ýollan hatyndan:

- Pygam Azymowyň päk ýürekli adamdygyny, uly alymdygyny, il arasynda uly hormatynyň bardygyny Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow gabanardy. Bir waka meniň şu günki ýaly ýadymda. Täze türkmen elipbiýine geçmek baradaky mesele orta atylanda, Türkmenistan YA-nyň uly zalynda bu mesele dogrusynda diktator, öz usulyna laýyklykda, pikir alyşma gurnamaga çalyşdy. Şol üýşmeleňde Nyýazow ýeke-täk dilçi alym hökmünde hakyky dilçi alymlara öz erkin pikirini aýtmaga mümkinçilik bermän, diňe özi akyl satyp, özi çykyş edip, öz aýdýanlaryny tassyklatmaga eýýäm endik edipdi. Netijede, şeýle maslahatlar formal duşuşyga çalym edýärdi.

Emma meniň gürrüň bermek isleýän wakamda Pygam Azymow öz nukdaýnazaryny aýtmagy başarypdy. Ol çykyşyny S.Nyýazow bölmäge çalşanda: “Siz ýaş adam. Siz maňa päsgel berjek bolmaň. Bu meseläni siz entäk dünýä inmeziňizden ozalam men öwrenýärdim. Maslahata gulak assaňyz peýdaly bolar” diýip, ýaşuly hökmünde S.Nyýazowa maslahat berdi. 1994-nji ýylda Pygam Azymow 79 ýaşynda aradan çykanda, türkmen hökümeti bu waka öz resmi gynanjynam bildirmedi. Şundanam S.Nyýazowyň Pygam Azymowa ýigrenjini görmek mümkin.

Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty Aşyrguly Baýryýew:

- Anyk senesi ýadymda däl. Türkmenistan YA-nyň mejlisler zalynda Saparmyrat Nyýazowyň gatnaşmagynda türkmen dilini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat boldy. Men hem başlygym Gurbangeldi Annamuhammedow ikimiz MK-nyň metbugat bölüminden şol maslahata bardyk. S.Nyýazowam geldi. Ol ýerde Akademiýanyň Prezidiumynyň agzalary, Akademiýanyň prezidenti Agajan Babaýew hem bardy. Belli dilçiler, şol sanda Pygam Azymow hem şol maslahata gatnaşýardy.

Maslahatda belli dilçi hökmünde, ýaşuly hökmünde ilkinjileriň hatarynda Pygam Azymow gürläp başlady. TKP MK-nyň 1-nji sekretary onuň sözüni gödeklik bilen böldi. Şonda Pygam aga oňa şeýleräk sözler bilen ýüzlendi: “Siziň wezipäňiz häzir uly, mende hiç hili wezipe ýok. Men hormatly dynç alyşda. Ýöne siz menden ýaşkiçi. Iň bolmanda meniň ýaşymy sylaň. Siz meniň aýdanlarymy, sözümi bölmän, ahyryna çenli diňläň, olara düşündiriş-kommentariý bermäň, soňra meniň pikirlerimiň içinden gerekli diýip tapanlaryňyzy alyň, gerekli däl diýip tapanlaryňyzam zyňyp goýberiň” diýip, birneme gatyrganyp aýtdy. Elbetde, bu belli bir derejede mertlikdi, S.Nyýazowa edep öwretmekdi, onuň ýüzüni köpçüligiň içinde gyzdyrmakdy. Şondan soň S.Nyýazow Pygam Azymow sözüni tamamlaýança, sesini çykarman oturdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG