Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky reýdlerde azyndan 8 adam öldi


Ýekşenbe güni siriýaly aktiwistler ýurduň demirgazyk-günbataryndaky ilatly punktlarda hökümet güýçleriniň geçiren reýdlerinde azyndan 8 sany parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu harby reýdler Hama şäheriniň eteklerinde hem-de Idlib prowinsiýasynda amala aşyrylypdyr.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýada indi bäş aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda azyndan 2 müň 200 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýar.

Bu wakalaryň fonunda ýekşenbe güni Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki SANA habar agentligi Hama şäheriniň eteginde ýaragly terror toparynyň eden hüjüminde alty sany esger bilen üç sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi barada maglumat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG