Sepleriň elýeterliligi

Birmeňzeş režim, aýry çemeleşme


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen ÝHHG-niň sammitinde, 2010-njy ýylyň 1-nji dekabry.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (çepde) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen ÝHHG-niň sammitinde, 2010-njy ýylyň 1-nji dekabry.

3-nji sentýabrda öz işini tamamlan ÝB-niň daşary işler ministrleriniň näresmi sammitinde Belarus bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň esasy şertiniň ýurtdaky hemme syýasy tussaglaryň azat edilmegidigi nygtaldy.


Geçen hepde Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň karary bilen belarus oppozisiýasynyň geçen prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestleri gurnanlykda aýyplanan dört wekili azat edildi.

ÝB-niň resmileriniň beren maglumatlaryna görä, prezident Lukaşenko oktýabr aýynyň başynda ýurtdaky hemme syýasy tussaglary azat etjekdigini aýdypdyr. Şeýle hem geçen hepde belarus prezidenti ýurduň oppozisiýasy bilen gepleşik geçirmek üçin tegelek stoluň başyna geçmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Jerzy Buzegiň metbugat sekretary Robert Golanski Belarusda hemme syýasy tussaglaryň hiç bir şertsiz azat edilmegini berk talap edýändiklerini aýtdy: “Prezident Buzek Belarusda hemme syýasy tussaglaryň azat edilip, maşgalalaryna, dost-ýarlaryna gaýtarylmalydygy baradaky pozisiýada berk durýar. Diňe syýasy tussaglar azat edilen halatynda biz Belarusa dialog geçirmäge taýyn ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garap bileris. Şu çaka çenli belarus režiminiň wadalarynyň ençemesi, anyk hereket edilip, durmuşa geçirilmedi. Şonuň üçin Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Jerzy Buzegiň Lukaşenkonyň wadalaryna skeptiki garamagyna düşünip bolar”.

Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky syýasat boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katrin Eşton hem Belarusda syýasy tussaglar azat edilmese, Belarusyň Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşik geçirip bilmejekdigini aýtdy: “Biz Belarus bilen bagly gaty berk pozisiýany eýeleýaris. Bu ýurt bilen gepleşiklere başlamazdan ozal, biz hemme syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilip, olaryň reabilitasiýa edilýändigine göz ýetirmelidiris”.

2010-njy ýylyň 19-njy dekabyrynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryndan soňky protestleri gurnanlykda we olara gatnaşanlykda aýyplanyp, 700-e golaý adam tussag edilipdi. Olaryň 40-syna garşy jenaýat işleri gozgalypdy. Häzir belarus türmelerinde ýene 20 adamyň, şol sanda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşan üç kandidatyň saklanýandygy habar berilýär.

Bolgariýanyň daşary işler ministri Nikolaý Mladenow 26-njy awgustda Minskide prezident Lukaşenko bilen duşuşandygyny mälim etdi: “Belarusyň prezidenti oktýabr aýynyň başyna çenli 2010-njy ýylyň dekabr aýynda tussag edilenleriň hemmesini azatlyga göýberip, umumymilli dialogy geçirmek inisiatiwasyny öňe sürjekdigini aýtdy”.

Garaşsyz ekspertler Belarusda oppozisiýadaky syýasatçylaryň we graždan aktiwistleriniň garşysyna jenaýat işleriniň togtadylmagyna soňky aýlarda Aleksandr Lukaşenkonyň režiminiň düşen agyr ykdysady ýagdaýynyň täsir ýetirendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda hem Abadan wakalaryndan soň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-njy ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýasyny gatnaşmaga çagyryp, oppozisiýany dialoga çagyrýan ýaly etdi. Emma Berdimuhamedowyň şol çykyşyndan soň, onuň bu aýdanlaryny durmuşa geçirmek ugrunda düýpden hereket edilmeýändigini ýerli synçylar aýdýarlar.

ÝB - Türkmenistan

Häzir Ýewropa Bileleşigi Belarusda geçen ýyl tussag edilen aktiwistleriň we syýasatçylaryň azat edilmegi ugrunda aktiw hereket edýär, emma Türkmenistanda öňki awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň režiminiň pidalaryny azat etmek ugrunda şuňa meňzeş aýgytly hereket göze ilenok.

Ýurtda garaşsyz sudlar bolmansoň, hatda korrupsiýada aýyplanyp tussag edilen çinownikler hem özlerini goramakdan mahrum edildiler. Şol sebäpli ýerli synçylar Nyýazowyň döwründe tussag edilenleriň hemmesiniň işlerine gaýtadan garalmalydygyny nygtaýarlar.

Tussaglaryň köpüsiniň 2006-njy ýylda, Nyýazow ölensoň, azat ediljekdiklerine ynanylyp, häzir bolsa wagt geçdigiçe şol ynamyň gaçýandygy aýdylýar. Türmede oturanlaryň ençemesiniň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, olar sussy pesligi başdan geçirýärler. Türmedäki ýaramaz şertlere döz gelmän, olaryň aradan çykanlary hem az däl diýlip, maglumat berilýär.

Ýewropa Bileleşigi Belarus bilen gatnaşyklarynda syýasy meseleler boýunça has aýgytly pozisiýany eýeläp, Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda haýal hereket edýär diýen pikir adam hukuklaryny goraýjylaryň arasynda ýörgünli. Şeýle pikiri öňe sürýänleriň biri hem Bolgariýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa. Emma ol ÝB-niň şeýle pozisiýa eýelemeginiň özüne ýetesi sebäbiniň bardygyny hem belleýär:

— Häzir Belarusyň başdan geçirýän ykdysady krizisi bu ýurdy ÝB bilen gatnaşyklarynda eglişik etmäge mejbur edýär. Belarus Ýewropa Bileleşiginiň şertlerini ýerine ýetirmese, halkara maliýe guramalary bu ýurda kredit bermez. Netijede halkyň hal-ýagdaýy ýaramazlaşyp, nägile bolanlar köçä çykyp başlarlar. Onsoň hem Türkmenistan bilen deňeşdirilende Belarusda ösen demokratik instututlar bar. Ýagny, ösen graždan jemgyýeti, ýurduň içinde gorkman hereket edýän oppozisiýa bar. Bu zatlar bolsa ÝB has aýgytly hereket etmäge mümkinçilik döredýär. Men şu mesele bilen bagly ÝB-niň köp agzalary bilen söhbetdeş boldum. Olaryň köpüsi ýurduň içinde häzirki režime garşylyk görkezilmese, özleriniň hiç zat edip bilmejegini aýdýarlar.

Türkmenistanda häzir graždan jemgyýeti diňe kagyz ýüzünde ösdürilýär. Ýurduň tebigy baýlyklary bolsa halka mugt harytlary we hyzmatlary paýlamaga mümkinçilik döredýär. ÝB-niň hem türkmen gazynyň hyrydarydygyny ýatdan çykarmaly däl. Ýagny, häkimiýet başyndakylar Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny ulanyp, şol baýlyklaryň arkasyna bukulyp, halkyň pikir-garaýyşlaryny manipulirleýärler — diýip, Begmedowa aýdýar.

Ýewropa Parlamenti ÝB-niň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak baradaky kararyny güýze çenli gaýra goýupdy. Türkmenistan bilen “Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy” bilen bagly debatlaryň 14-nji sentýabrda dowam etdiriljekdigi habar berilýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Ýewropa Parlamentiniň agzalaryndan durýan delegasiýa adam hukuklarynyň ýagdaýyny barlamak üçin Türkmenistana barypdy. Delegasiýa ýolbaşçy bolup Aşgabada baran Ýewroparlamentiň Adam hukuklary boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Heýdi Hautala şol saparyndan çykaran netijeleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gynandyrjy diýip, baha beripdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝB özara hyzmatdaşlygy ösdürmek niýetini yglan edip geldiler. 2008-nji ýylyň 26-njy maýynda taraplaryň arasynda Energiýa pudagynda birek-birege düşünişmek we hyzmatdaşlyk boýunça Memoranduma gol çekildi. 2009-njy ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Parlamenti ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagtlaýyn söwda ylalaşygyny makullady.

Türkmenistan bilen “Ýaranlyk we Hyzmdatdaşlyk ylalaşygyna” gol çekilip-çekilmezligi barada 14-nji sentýabrda Ýewropa Parlamentinde geçiriljek debatlar ÝB-niň Türkmenistan bilen bagly nähili pozisiýany eýeleýändigini anyklaşdyrar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG