Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa öldürilen yrakly üçin kompensasiýa tölär


Penşenbe güni Britaniýanyň garaşsyz derňew komissiýasy 2003-nji ýylda Yragyň Basra şäheriniň ýaşaýjysy Baha Musany britan esgerleriniň rehimsizlik bilen ýenjip öldürendikleri barada netije çykardy.

Baha Musa 2003-nji ýylyň sentýabrynda Basra şäherindäki bir myhmanhanada öz dokuz sany kärdeşi bilen bilelikde britan harbylary tarapyndan tussag edilipdi.

Iki çaganyň atasy 26 ýaşly Baha Musa rehimsiz ýenjilmeler netijesinde iki günden soň aradan çykypdy.

Britaniýanyň hökümeti penşenbe güni bu bolan waka üçin Baha Musanyň maşgalasyndan resmi ýagdaýda ötünç sorady we onuň maşgalasyna zerur kompensasiýalaryň tölenjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG