Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli milliardere degişli banka reýd geçirildi


Penşenbe güni Moskwada orsýetli belli milliarder Mihail Prohorowa bölekleýin degişli bolan banka ýüzleri maskaly howpsuzlyk işgärleriniň bir topary duýdansyz reýd geçirdi.

Bankyň ýuristi Dmitriý Haritonow şeýle reýdiň geçirilmegi üçin hiç hili esasyň bolmandygyny aýdyp, bu bolan işe bank tarapyndan nägilelik bildirilendigini mälim etdi.

Bankyň aksiýalarynyň aglaba bölegine eýelik edýän Mihail Prohorow häzirki wagt “Prawoýe delo” atly oppozision partiýa liderlik edýär.
XS
SM
MD
LG