Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

9/11 wakalaryndan on ýyl soň: gynanç, ýeňiş we soňy görünmeýän söweş


Nýu-Ýorkuň “Taýms Square” meýdançasynda, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
Nýu-Ýorkuň “Taýms Square” meýdançasynda, 2011-nji ýylyň 2-nji maýy.
Osama bin Laden öldürildi. Saddam Huseýn, onuň režimi taryha gitdi. “Arap bahary” jyhatçy güýçleri aç-açan ret etdi we halkyň Günbataryň garşysyna mukaddes urşa çagyrylmagy netijesiz ýitip gitdi.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry, Nýu-Ýork.
Ýöne 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan bäri aradan 10 ýyl geçendigine garamazdan, “terrora garşy uruş” diýilýände gutarnykly ýeňiş ozalkysy ýaly häzirem aýyl-saýyl däl. Dogry, Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary köp babatlarda möhüm ýeňişler gazandylar. Ýöne şol betbagtçylykly günden soň, oňa tirkelip, yzly-yzyna ýüz beren wakalar kanagatlanarly ýagdaýda entek soňlananok.

Owganystanda 2001-nji ýylyň noýabrynda häkimiýet başyndan kowlan “Talyban” hereketi ýene janlanýar. 2002-nji ýylyň başlarynda Amerikanyň kömegi bilen kürsüde oturdylan prezident Hamid Karzaýyn hökümeti indi häkimiýeti bölüşmek boýunça molla Omaryň partizanlary bilen gepleşik geçirip ýör.

2003-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň çozmagy bilen Saddam Huseýniň häkimiýet başyndan agdarylan ýeri bolan Yrakda ýurdy bölüner-bölünere getiren graždanlyk urşy ýatyşsa-da, durnukly hökümet, ýurduň tutuş ilatynyň howpsuzlygy henizem uzakdaky arzuw bolup galýar.

Birleşen Ştatlaryň özünde hem terrordan ýeten köpçülikleýin ýitgisiz arka atylan 10 ýyl baradaky ynjalyk duýgusy garaňkydaky duşmana garşy global söweşe edilýän ykdysady, syýasy we şahsy çykdajylar baradaky gynanja garylýar.

Maýkl Mandelbaum Johns Hopkins Uniwersitetinde halkara gatnaşyklar boýunça professor, Amerikada tanymal syýasy synçy. Onuň pikiriçe 11-nji sentýabrdaky hüjümleriň çynlakaý netijeleriniň biri - onuň amerikan ýolbaşçylarynyň ünsüni has gyssagly içki meselelerden başga ýere sowanlygy.

“Esasy kynçylyklaryň biri federal hökümetiň ýüzbe-ýüz bolýan defisitleri. Owganystanda, Yrakda alnyp barlan uruşlar muny ýaramazlaşdyrdy. Bulara giden pullary ýurt tölänok. Bu uruşlary maliýeleşdirmek üçin zerur bolan pullary karz aldyk. Urşuň harajatlaryny ödemek üçin salgytlaryň ýokarlandyrylmazlygy Amerikanyň taryhynda hakykatdanam ilkinji gezek boldy. Bu bir gaty gynançly ýagdaý” diýip, Mandelbaum aýdýar.

Käbir ekspertler 11-nji sentýabrdan soň geçen döwürde Birleşen Ştatlaryň global täsiri we abraýy aşaklady diýen pikirde. Beýlekiler bolsa 2008-nji ýylyň maliýe krizisinden soň hem ABŞ-nyň dünýäniň iň uly milli ykdysadyýeti bolmagynda galýandygyna, onuň harby üstünligine bäs geljegiň ýokdugyna ünsi çekýärler.

2001-nji ýyldan soň milli howpsuzlyk apparatlarynyň artdyrylandygyny göz öňüne getireniňde, harby taýdan ýokarylyk geň zat däl. Bir çaklama görä, amerikan hökümeti geçen 10 ýyllykda milli goranyş, watan howpsuzlygy we aňtaw gulluklary üçin 7 trillion dollar çykdajy edipdir. Bu gün tutuş dünýädäki harby harajatlaryň 46 prosent çemesi ABŞ-nyň paýyna düşýär. Aňtaw gullugynyň býujeti geçen 10 ýyllykda iki esse artdyryldy.

Urşuň, aýratyn-da Owganystandaky urşuň haçan doly tamamlanjakdygyny bilýän ýok.



Bu çärelere gol ýapýanlar, mysal üçin, Adalat ministrliginiň öňki işgäri Jon Ýoo olaryň indiki hüjümleriň öňüni almak-da möhüm rol oýnandygyny aýdýar.

Jorjtaun Uniwersitetiniň hukuk professory Deýwid Kole bolsa bu pikire goşulanok. Ol: “Buş döwrüniň terrora garşy uruş baradaky kanunlary kanunyň hökümdarlygynyň düýp prinsiplerini hem ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde agdar-düňder” etdi diýýär.

Kole Buş döwründe ýola goýlan kanuny işleriň köpüsiniň soňra ýa reformirlenendigini ýa-da ýatyrylandygyny belleýär: “Meniň pikirimçe, biziň öwrenen zadymyz kanunyň Buşuň administrasiýasynyň pikir edişinden haş çeýe bolup çykanlygy. Olar yza çekilmäge mejbur boldular. Olar bu inisiatiwalaryň hemmesinden-de iş ýüzünde yza çekildiler”.

Jorjtaun Uniwersitetiniň hukuk professorynyň aýtmagyna görä, mysal üçin, 11-nji sentýabr hüjümlerini planlaşdyranlygyny boýun alan Halid Şeýh Mohammady şu wagta çenli-de suda çekip bolmandygynyň sebäbi Buşuň administrasiýasynyň şübhe edilýänler soraga çekilende ozal bikanun diýlip ygalan edilen metodlary ulanandygy. Kole bu babatda: “Birini gynap alnan maglumatlary Birleşen Ştatlaryň sud sistemasy boýnça jenaýat prosesinde hiç bir halatda ulanyp bolanok” diýýär.

Obamanyň adminstrasiýasy köp zatlary üýtgetse-de, Merkezi aňtaw gullugy (CIA) we Pentagonyň terrora garşy elit topary tarapyndan geçirilýän gizlin harby operasiýalaryny güýçlendirdi.

Tankytçylar: “Pakistany durnuksyzlaşdyryp, Amerika garşy jemgyýetçilik pikirini güýçlendiren zat terroristleriň bu ýerde pilotsyz uçarlar bilen öldürilmegi” diýýäler. Ýerli resmileriň aýtmagyna görä, 11-nji sentýabrdan bärde öldürilen pakistanlylaryň sany 33 müňden agdyk. Iki uruşda ölen amerikan harbylarynyň sany hem 6 müňden ýokary.

Muňa garamazdan, urşuň, aýratyn-da Owganystandaky urşuň haçan doly tamamlanjakdygyny bilýän ýok. Analitikler “Al-Kaýdanyň” – ondan näme galan hem bolsa – indi Ýemene, Somalä çekilýändigini aýdýarlar.

Onsoň bu işler çekilen munça ýitgilere degýärmi? Bu soraga jogap bererden entek ir. Käbir analitikler Birleşen Ştatlar “Al-Kaýdany” yzarlamaga munça çykdajy etmek bilen öz bähbitlerine gulluk edenok diýen pikirde. Professor Mandelbaumyň aýtmagyna görä, Hytaýyň we beýleki Aziýa ykdysadyýetleriniň geçen on ýyllykda yzygiderli ösmeginiň Amerikanyň dünýädäki ornuna salýan howpy Orta Gündogarda bolýan her bir wakanyň howpundan ýokary.

“11-nji sentýabrdan soň hakyky kynçylyk geljekde globallaşmakdan utup çykanlardan garaşylýarka, biz globallaşykdan utulanlary yzarlamaga ýatdyk. Orta Gündogar köp sebäplere görä gaty ähmiýetli, ýöne bu onuň ykdysady ösüşiň, mümkin harby güýjün merkezi bolandygy üçin däl. Bu Gündogar Aziýa barada hakykat” diýip, Mandelbaum belleýär.

Geçen 10 ýyllykda köp zatlar boldy, ýöne 11-nji sentýabrdan soňky döwrüň hekaýaty entek soňlanardan ir.
XS
SM
MD
LG