Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň täze karary Orsýeti aladalandyrýar


Aleksandr Lukaşewiçiň: "Hazar bäşligine degişli meselä Ýewropa Bileleşiginiň goşulmagy bu meseläniň çözgüdini kynlaşdyrar".
Aleksandr Lukaşewiçiň: "Hazar bäşligine degişli meselä Ýewropa Bileleşiginiň goşulmagy bu meseläniň çözgüdini kynlaşdyrar".

Orsýetiň Daşary Işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň “Transkaspiý” gaz proýekti boýunça Azerbaýjandyr Türkmenistan bilen gepleşik geçirmäge ygtyýarlylyk mandatyny bermegine gynanç bildirdi. Bu hakda ministrligiň ýörite wekili Aleksandr Lukaşewiç hepdäniň sişenbe güni geçen brifingde aýtdy.


Ýewropa Bileleşigi hepdäniň duşenbe güni “Transkaspiý” gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirmegi karar edip, öz degişli strukturalaryna bu ugurdan ygtyýarlylyk mandatyny beripdi. Şeýlelikde, Ýewropa Bileleşigi ilkinji gezek bu infrastruktura proýektiniň goldawy boýunça ylalaşyk teklip etdi.

Orsýetiň Daşary Işler ministrliginiň ýörite wekili Aleksandr Lukaşewiçiň sözlerine görä, Hazar bäşligine degişli meselä Ýewropa Bileleşiginiň goşulmagy bu meseläniň çözgüdini kynlaşdyrar. Şeýle-de bu Hazaryň hukuk durumyny anyklamak boýunça bäştaraplaýyn alnyp barylýan gepleşiklere ýaramaz täsir eder.

Ol bu ugurdaky prinsipiň 2007-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Tähranda geçen ikinji Kaspiý sammitinde gol çekilen syýasy borçlulyk deklarasiýasynda berkidilendigini belläp geçdi.

Perspektiwalar

Göz öňünde tutulyşyna görä, uzynlygy 300 kilometr töweregi boljak “Transkaspiý” gazgeçirijisi Hazaryň Türkmenistana degişli kenaryndan Azerbaýjanyň kenaryna çenli çekiler we ondan aňryk “Günorta koridor” geçirijisine goşular.

Geçen hepdede Fransiýanyň “Total” kompaniýasy Hazaryň Azerbaýjana degişli sektorynda Apşeron käninde uly möçberde gaz ýataklarynyň tapylandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisi Metýu Braýzanyň pikirine görä, Apşeronda tapylan gaz käni diňe bir Azerbaýjan we “Total” kompaniýasy üçin däl, eýsem “Günorta koridoryň” üsti bilen gaz almak isleýän Ýewropa uçin hem gowy täzelik.

“Orsýet-Ýewroaziýa” merkeziniň direktory Aleksandr Raryň pikirine görä,
"Bu proýekt Türkiýäniň we Bolgariýanyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine gaz akdyrmaga mümkinçilik berýär".

“Transkaspiý” gaz proýektiniň geljegi Türkmenistanyň pozisiýasyna bagly.

Türkmenistan “Transkaspiý” gazgeçirijisiniň gurluşygy barada Ýewropa Bileleşigi we beýleki döwletler bilen geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri gepleşik geçirip gelýär. Hazaryň hukuk durumy meselesiniň çözülmezligi bu meseläniň çözgüdinde kynçylyk döredýär.

“Türkmenistan kesgitleýji rol oýnaýar”

Aleksandr Raryň pikirine görä, bu proýekte Eýran bilen Orsýet yzygiderli garşy çykyş edip gelýärler. Olaryň beýle garaýyşlary meseläniň töwereginde dartgynly ýagdaýy döretmegi mümkin. Bu proýektde Türkmenistan kesgitleýji rol oýnaýar. Sebäbi Azerbaýjanda “Nabukkonyň” diňe bir bölegini doldurmak üçin gaz ýeterlik. Emma Hazaryň astyndan çekilmeli gazgeçiriji türkmen gazyny gönüden-göni Ýewropa akdyrmaga niýetlenen diýip, Aleksandr Rar aýdýar.

Orsýetiň bu proýekte garşy çykmagynyň esasy sebäbi energetika meselesinde Ýewropa ýurtlarynyň özüne garaşylylygyny saklap galmak diýip, energetika ugrundan merkezi aziýaly analitik Kamron Aliýew atdýar.

Ýewropa akdyrylýan gazyň ýarpysyndan köprägi Orsýetiň gazy. Ýewropa Bileleşiginiň alyp barýan syýasaty bu meselede Orsýete garaşly bolmakdan gaça durmak. Ukraina bilen aradaky dawa-jenjeller zerarly Orsýetiň Ýewropa akdyrýan gazyny kesen gezeklerem bolupdy.

Şonda Ýewropa demirgazyk Afrika we Ispaniýa arkaly geçýän gazgeçirijiler arkaly akdyrylýan gaz bilen öz gaz ýetmezçiliginiň üstüni dolupdy. Şol wakalarda Ýewropa döwletleri uly kynçylyk çekipdi. Şoňa görä olar alternatiw ýollary agtarýarlar. Häzirki wagt Ýewropa üçin alternatiw gazgeçiriji “Nabukko” hasaplanylýar.

Ýewropanyň umydy

Bu proýekt Merkezi Aziýadaky, Azerbaýjandaky we Yrakdaky gaz känlerini birleşdirip, Türkiýäniň we Bolgariýanyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine gaz akdyrmaga mümkinçilik berýär.

“Eger-de bu gazgeçiriji gurlup işe girizilse, onda Ýewropa Orsýete bakna bolmaz. Ýewropanyň Merkezi Aziýanyň gaz känlerinden peýdalanmagyna Orsýet kän garşylyk görkezdi. Bu proses häzirem dowam edýär” diýip, Kamron Aliýew belleýär.

Türkmenistan tebigy resurslara baý döwlet. Ýurtda täze gaz känleri-de açylýar. Soňky döwürde Türkmenistan öz gazyny Hytaýa satmak üçin gazgeçirijisini gurup, Orsýetiň izolýasiýasyndan çykdy. Çünki öň türkmen gazy üçin ähli walýuta diňe Orsýet arkaly gelýärdi.

Ondan başga-da, Türkmenistandan Owganystan arkaly Pakistana gazgeçiriji çekmek proýektine taýýarlyk görülýär. Munuň üstesine “Nabukko” proýekti-de göz öňünde tutulýar. Eger-de bu soňky proýekt amala aşyp, ondan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Yragyň gazyny Ýewropa akdyrmak işi ýola goýulsa, munuň Merkezi Aziýa ýurtlary üçinem, Ýewropa üçinem örän bähbitli boljakdygyny spesialistler belleýärler.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow, bu proýekte degişli döwletler özara ylalaşandan soň, proýektiň gurluşygynyň başlanjakdygyny, gurluşygyň ekologiýanyň iň ýokary halkara şertlerine laýyk amala aşyryljakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG