Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda amala aşyrylan partlamada azyndan 20 adam öldi


Penşenbe güni Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda ýas çäresi wagty amala aşyrylan partlamada azyndan 20 adam ölüp, 45 töweregi adam ýaralandy.

Bu waka owgan serhedinde ýerleşýän Lower Dir sebitinde boldy. Partlama ýerli taýpa ýaşulusynyň jaýlanyş çäresi wagtynda amala aşyryldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini heniz hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG