Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Türkmenistan halkara sergä gatnaşdy


"Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň ekspozisiýasy çagalar üçin kitaplardan, taryhy, medeni we okuw kitaplaryndan şeýle-de G.Berdimuhamedow barada we onuň awtorlygyndaky eserlerden ybarat boldy".

"Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň ekspozisiýasy çagalar üçin kitaplardan, taryhy, medeni we okuw kitaplaryndan şeýle-de G.Berdimuhamedow barada we onuň awtorlygyndaky eserlerden ybarat boldy".

Türkmenistanyň neşir önimleri soňky döwürde halkara sergilere has köp gatnaşdyrylyp ugrady. Moskwanyň şu ýylky kitap sergisinde bir türkmen kitaby hatda ýörite baýraga-da mynasyp boldy.


Moswada ýylda geçirilýän we halkara medeni hem biznes gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle-de Orsýetiň neşir önümlerini dünýä ýaýratmak maksadyna gönükdirilýän halkara kitap sergisiniň çäginde şu gezek 500-den gowrak dürli çäre geçirildi.

Şol çäreleriň ikisine, ýagny “GDA-nyň medeni mirasy” atly kitap sergisine we GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” atly 8-nji halkara konkursyna Türkmenistanyň neşir önümleri-de gatnaşdy.

Baýrak

“Kitap sungaty” konkursynyň jemleri boýunça “Çagalar we Ýaşlar üçin” diýen nominasiýada Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň “Galkynyşyň ak ganatly arzuwy” kitabyna ýörite baýrak gowşuryldy. Konkursyň esasy “Gran-pri” baýragy bolsa Orsýetde çapdan çykan Gazagystanyň atlasyna we Ukrainada neşir edilen taryh kitabyna berildi.

Bu halkara konkursyň žýuri toparynyň agzasy Galina Şetininanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ýeňijiler mazmun taýdan 7 topara bölünen kitaplara baha berýän GDA döwletleriniň wekillerinden düzülen halkara žýuri tarapyndan kesgitlenýär.

Galina Şetininanyň aýdyşyça, türkmen kitabyna “Çagalar we ýaşlar” nominasiýasyndan baýrak beren žýuri toparyna Türkmenistan tarapyndan ýurduň Orsýetdäki ilçihanasynyň medeniýet boýunça attaşe diplomaty gatnaşypdyr.

Türkmen kitaplary

Moskwanyň 24-nji halkara sergisinde Türkmenistan ýurtda çap edilýän örän köp neşir önümlerini görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň ekspozisiýasy çagalar üçin kitaplardan, taryhy, medeni we okuw kitaplaryndan şeýle-de G.Berdimuhamedow barada we onuň awtorlygyndaky eserlerden ybarat boldy.

Moskwadaky halkara sergä käbir günbatar döwletleriniň neşirýatlary hem
Elen Mela: “Meni geň galdyran zat, kitaplaryň üçden biriniň siziň prezidentiňiziň kitaplarydygy boldy”.

gatnaşdylar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Fransiýanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň kitap boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elen Mela Türkmenistanyň neşir önümleriniň käbir täsin aýratynlygyna üns berendigini belledi.

“Meni geň galdyran zat, kitaplaryň üçden biriniň siziň prezidentiňiziň kitaplarydygy boldy. Kitaplaryň ählisiniň daşynda onuň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu meni geň galdyrdy, sebäbi Fransiýada beýle zadyň bolmagy mümkin däl” diýip, Elen Mela öz haýran galmasyny mälim etdi.

GDA sergisi

Moskwadaky halkara kitap sergisinde türkmen kitaplaryny “GDA-nyň medeni mirasy” atly kitap sergisinde-de görmek mümkindi. Guramaçylaryň sözlerine görä, bu sergi Orsýetiň kitap bileleşigi we GDA-nyň Gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara fondy tarapyndan amala aşyrylýan proýektiň başlangyjydyr.

Orsýetiň kitap Bileleşiginiň agzasy we Kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça merkeziniň başlygy Nelli Petkowanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, bu sergi GDA döwletlerinde çap bolýan kitaplary tutuş regionyň okyjylarynyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen döredildi. Onuň ýurtdan-ýurda göçmegi planlaşdyrylýar.

“GDA-nyň medeni mirasy” atly bu göçme sergi Moskwadan soň yzly-yzyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Belarusyň paýtagtlarynda görkeziler. Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň wekilleri serginiň bu bölümine bäş sany türkmen kitabynyň berlenligini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
XS
SM
MD
LG