Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim gytçylygynyň sebäbi nämekä?


Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen nas atmak, temmäki çekmek, olary ýurda getirmek gadagan edildi. Häzir nas atýan adamlara birinji gezek ele düşende, agyr jerime salyp, soňky gezekde olary jenaýat jogapkärçiligine çekip bolýar. Gadagan edilen nasy, temmäkini satýan hojalyklara has ýowuz jeza berilmek mümkinçiligi bar.

Mahlasy, raýatlaryň nas atmagynyň, çilim çekmeginiň öňüne döwlet tarapyndan hernäçe böwet basylsa-da, çilimiň bahasy hernäçe gymmatladylsa-da, adamlara çilim çekmäge ýol tapylýar. Bialaçlykdan nas atýan, temmäki çekýän adamlar kanun boýunça jenaýata baş goşýandygyny bilip durka, çilim gytçylygynyň dörän halatynda az sanly çilim söwdagärleri aşa baýaýarlar.

Häkimiýetiň çalyşmagynyň netijesinde daşary ýurt walýutasynyň “gara bazardaky” kursy bilen döwlet bahasynyň deňlenmegi çilim söwdagärleriniň uly gazanç çeşmesiniň öňüne böwet basdy.

Gümrük gullugynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, häzir serhetden çilim getirmek öňkülerden 4-5 esse möçberinde azalypdyr. Lomaý çilimi gümrükden ýokardan rugsat berlen az sanly adamlar geçirip bilýär. Özüni Tagan diýip tanyşdyryan ykdysadyýet boýunça ýokary hünärmen çilim gytçylygynyň sebäpleri hakynda şeýle diýdi:

—Çilim satýan birinji el söwdagärleri öň bir guty çilimden 25 sent gazanýardylar. Çilimi konteýnerli getirýänlerden başga ownuk çilim söwdagärlerem bardy. Häzir serhetden geçýän islendik adama diňe bir blok - 10 guty çilim geçirmäge rugsat berilýär. Ownuk söwdagärler ýatdy. Lisenziýaly, elde satýan çilim söwdagärleri bir guty çilimden arassa bäş amerikan dollary möçberinde peýda görýärler

Çilim söwdagärleriniň näçe gazanç edýändigini çopan hasabyny edenimizde-de şeýleräk kesgitlese bolar: häzir günde 200 müň guty çilim serhetden geçýär diýenimizde hem, bir gutudan 5 amerikan dollarynyň peýda görülýänliginden hasap çykaranymyzda olaryň bir günki gazanjy bir million amerikan dollary bolýar. Meniň bu aýdanlarymy çilimiň bahasy hem subut edýär.

Lomaý çilim söwdasyny edýän ikinji el söwdagäri Amanyň özara söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, bir guty iň arzan çilimi 17 manat 20 teňňeden satyn alyp, 19 manat 20 teňňeden satýan eken, iki manat sap girdejiniň bir manadyny gizlin çilim söwdasy üçin çykdajy edip, bir gutudan diňe bir manat özüne girdeji eken. Çilim çekýänler bolsa üçünji elden çilimiň arzanynyň gutusyny 20 manatdan ýokarda satyn alýarlar.

Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly konwensiýasyna goşuldy. Şol sebäplem çilim gytçylygy ýurdumyzyň agzalan abraýly halkara guramasyna agza bolmagynyň netijesi hasaplanýar. Dogry, ol halkara guramasyna agza bolan ýurt temmäki önümlerini gymmat satmaga borçlanýar. Ýöne Türkmenistandaky çilim gytçylygy halkyň sosial ýagdaýy göz öňünde tutulmazdan, täze çilim söwdagärleriniň dilleşip, çilimiň iň arzanynyň bir gutusynyň 20 manatdan ýokarda satylmagyna şert döredip biljek mukdarda az getirmekleriniň netijesi bolaýmasyn?

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG